Russiýada Bütindünýä mamont merkezi döredilip bilner

Russiýada Bütindünýä mamont merkezi döredilip bilner

Bütindünýä mamont merkezini döretmek we gurmak meseleleri ýakynda Ýakutiýanyň baştutany Aýsen Nikolaýew bilen wideokonferensiýa arkaly geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada www.vokrugsveta.ru habar berdi.

Mamont faunasyna degişli ähli tapyndylaryň 90%-den gowragy Ýakutiýa getirilýär. Şonuň üçin Bütindünýä mamont merkezi şu ýerde döredilip bilner. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi paleontologik tapyndylary saklamak we öwrenmek üçin häzirki zaman infrastruktura desgalarynyň döredilmegini, şeýle hem ylmy, medeni, etnografiki we ekspedisiýa syýahatçylyk toparyny döretmegi göz öňünde tutýar.

Şeýle hem sebitiň ýolbaşçysy Bütindünýä mamont merkezini döretmek pikirini gutarnykly ýagdaýa getirmegi we desganyň gurluşygy üçin amatly ýer saýlamagy tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Iň yssy ýyl aýan boldy
Ýakutiýada tokaýlar ýanýar
Russiýa Tokaý Ýangynlaryna Garşy Göreşýär
Putin Ýakutiýada Dowam Edýän Ýangynlar Boýunça Görkezme Berdi
Daşary ýurt metbugatyna syn
Russiýada Ýük Uçary Heläkçilige Uçrady