Daşary ýurt uniwersitetlerine giren türkmen raýatlarynyň uçardan düşürilmegi dowam etdirilýär

Daşary ýurt uniwersitetlerine giren türkmen raýatlarynyň uçardan düşürilmegi dowam etdirilýär

Daşary ýurtlarda okamak isleýän türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlara barýan uçarlardan düşürilmegi dowam etdirilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýaşlaryň Orsýete barýan uçardan düşürilmegi bilen bagly azyndan üç täze hadysanyň bolandygyny habar berdiler.

7-nji noýabrda azyndan üç adama "Türkmenistan" howa ýollarynyň uçaryna münmek gadagan edildi. Olar Moskwa barýardy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, bu üç adam Russiýanyň birnäçe okuw jaýlarynda birinji kursa giren studentlerdi. Olara uçuş gadagançylygynyň sebäbi hökmünde, uniwersitetleriniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan ýurtda diplomlary ykrar edilýän okuw jaýlarynyň sanawynda ýokdugy aýdylypdyr.

Azatlygyň habarçylaryna mälim bolan başga bir ýagdaýda tassyklanan sanawda bolmadyk rus uniwersitetine giren türkmen raýaty, birnäçe synanyşykdan soň okuwa gitmegi başarypdyr.

Habarçylar uçuşlardan düşürlenleriň syýahat gadaganlygy barada aeroportda registrasiýadan geçenden soň bilip galýandygyny belleýärler. Problemalar serhet gözegçiliginden geçen soň ýüze çykýar. Migrasiýa gullugynyň işgärleri studentlerde institutlaryň we uniwersitetleriň çakylygy, rus wizasy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen resminama ýaly ähli zerur kagyzlaryň bardygyna garamazdan, olara gitmegiň gadagandygyny aýdýarlar.

Daşary ýurt uniwersitetlerinde okamaga barýanlaryň okuw çykdajylary uly bolýar. Okuw üçin tölege we ýaşaýyş çykdajysyna esli ýol harajady goşulýar. Uçar biletiniň bahasy 600 dollardan geçýär.

Diňe oktýabr aýynda habarçylar Russiýanyň uniwersitetlerine giren talyplaryň uçardan düşürilmegine degişli birnäçe ýagdaýy habar berdiler.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan talyplaryň özleriniň we olaryň ene-atalarynyň sözlerine görä, Migrasiýa gullugynyň işgärleri, köplenç gadagançylygyň sebäbi hökmünde olara diplomlary ýurtda ykrar edilen daşary ýurt uniwersitetleriniň sanawyna goşulmandygyny aýdýarlar.

2019-njy ýylyň aprelinde Türkmenistan ýurtda diplomy kabul edilýän daşary ýurt ÝOJ-larynyň sanawyny yglan etdi. Diplomy tassyklanýan ÝOJ-larynyň hatarynda Belarusyň bir, Gazagystanyň iki, Gürjüstanyň bir, Ukrainanyň üç, Russiýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň onlarça we Hytaýyň ýüzden köp uniwersiteti bar. Bu sanaw 2019-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda güýje girdi.

Ýurduň häkimiýetleri raýatlaryň, şol sanda daşary ýurt uniwersitetlerine girenleriň ýurtdan çykmak meselesi barada resmi düşündiriş bermeýärler.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, käbir ene-atalar howa menzilindäki Migrasiýa gullugynyň işgärlerine "belli bir mukdarda para" bermek bilen çagalaryny ýurtdan çykarmagy başarýarlar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurda gitmegi bilen baglanyşykly kynçylyklar koronawirus pandemiýasy sebäpli iki ýyldan gowrak wagtlap bolmadyk daşary ýurtlara yzygiderli uçar gatnawynyň täzeden başlamagyndan soň ýüze çykdy.

Pandemiýa başlamazdan ozal Türkmenistanyň ilaty birnäçe ýyllap dürli syýahat gadaganlyklaryna sezewar boldular. Hususan-da, migrasiýa edaralary talyplary, zähmet migrantlaryny, daşary ýurtlara lukmançylyk bejergisi üçin barýan raýatlary ýoldan yzygiderli alyp galýardy. Dürli ýyllarda syýahat gadagançylygy ýaşy 35-de geçmedik aýallara we ýaşy 40-dan geçmedik erkekler hem degişli bolupdy.

Türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlara gitmegi bilen baglanyşykly häzirki kynçylyklar, ýurduň häkimiýetleriniň resmi taýdan ykrar etmeýän demografiki krizisiň fonunda ýüze çykýar. Azatlygyň çeşmeleri 2019-njy ýylda ondan öňki 10 ýylda 1,9 million raýatyň ýurtdan çykandygyny, 2021-nji ýylda bolsa, ilatyň 2,8 million adamdan geçmeýändigini habar beripdi. Türkmenistanyň häkimiýetleri bu maglumatlary ne tassyklady, ne-de inkär etdi.

Ilatyň daşary ýurtlara gaýtmagynyň öňünde dörän häzirki päsgelçilikler türkmen hökümetiniň ilat ýazuwyna taýýarlyk görýän wagtyna, şeýle hem Türkiýäniň türkmen tarapynyň haýyşy boýunça wiza režimini girizip, müňlerçe türkmen raýatynyň watanyna dolanmaga mejbur bolýan pursadyna gabat geldi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň ÝOJ-laryna okuwa kabul edilen türkmenistanlylar uçara goýberilmeýär
Türkmenistan Bilim baradaky Ýewropa konwensiýasyna goşuldy
50-ä golaý türkmen raýaty Türkiýeden deport edildi
Türkmenistanyň daşyna çykmak isleýän raýatlara aeroportda päsgelçilik döredilýär
Balykesir welaýatynyň suw giňişliginde 55 adam halas edildi
Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasynyň göçme kubogy ugrundaky ýaryş geçirildi