Daşary ýurtlaryň uçarlary Türkmenistanyň howa menzillerine 1,5 müňden gowrak tehniki gonuşlary amala aşyrdylar

Daşary ýurtlaryň uçarlary Türkmenistanyň howa menzillerine 1,5 müňden gowrak tehniki gonuşlary amala aşyrdylar

Daşary ýurtlaryň awiakompaniýalaryna degişli uçarlar Türkmenistanyp halkara howa menzillerinde tehniki gonuşlaryň 1601 sanysyny, täjirçilik maksatly gonuşlaryň bolsa 1019 sanysyny amala aşyrdylar. Bu barada Türkmenhowaýollary agentligi habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Turkish Airlines, Сибирские авиалинии, China Southern, Flydubai, şeýle hem Lýuksemburgyň Cargolux awiakompaniýasynyň ýük uçarlary täjirçilik maksatly we tehniki gonuşlarynda Aşgabadyň halkara howa menziliniň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Türkmen paýtagtyndaky halkara derejeli menzilde 2023-nji ýylda tehniki gonuşlaryň 1088-si, täjirçilik maksatly gonuşlaryň bolsa 860-sy amala aşyryldy.

Türkmenabat halkara howa menzilinde bolsa geçen ýyl MY Freighter (Özbegistan), Terra Avia (Moldowa), GEOSKY Airlines (Gruziýa), MNG Airlines (Türkiýe) ýaly awiakompaniýalar tarapyndan tehniki gonuşlaryň 193 sanysy amala aşyryldy.

Türkmenbaşy halkara howa menzilinde bolsa BELAVIA awiakompaniýasy täjirçilik maksatly ýolagçy uçarlarynyň, Volga-Dnepr awiakompaniýasy bolsa tehniki gonuşlaryny amala aşyrdy. Menzil 2023-nji ýylda tehniki gonuşlaryň 229-syny, täjirçilik maksatly gonuşlaryň bolsa 114-sini kabul etdi.

Mary halkara howa menzili bu babatda Moalem Aviation LLC, Sabsan Aviation (Gyrgyzystan), Abu Dabi Aviation (BAE) we Ruby Star (Belarus) awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Menzilde 2023-nji ýylda tehniki we täjirçilik maksatly gonuşlaryň hersinden 45-si amala aşyryldy;

Şeýle hem Daşoguz halkara howa menzili geçen ýylda tehniki gonuşlaryň 46-syny kabul etdi.

Ýene degişli makalalar

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirlen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly 2-nji halkara maslahaty we sergisi öz işini tamamlady
Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirlen “Halkara...
China Southern Airlines Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň sanyny köpeldýär
Türkmenistan daşary ýurtlar bilen ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar.
Hytaý ýurda gelýän Türkmenistanyň raýatlaryna bildirilýän talaplary üýtgetdi
China Southern Airlines Siandan Urumçiniň üsti bilen Aşgabada uçuşlary amala aşyryp başlady