Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň başlyklarynyň arasynda onlaýn duşuşygy geçirildi.Onda döwletara gatnaşyklaryny giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Nygtalyşy ýaly, taraplaryň ikisi hem komitetleriň yzygiderli geçirilýän bilelikdäki mejlislerine, işewür duşuşyklara we forumlara uly ähmiýet berýärler. Şolar geljegi nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şunda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin hoşmeýilli erk-islegiň hem-de anyk teklipler bilen berkidilýän özara bähbitleriň esasy binýat bolup hyzmat edýändigi aýratyn bellenildi.
Geçen mejlisde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek barada pikir alyşmalaryň çäklerinde Türkmenistanda milli ykdysadyýeti, onuň senagat pudagyny, hususan-da, gazy gaýtadan işleýän hem-de gazhimiýa senagatyny döwrebaplaşdyrmak we okgunly ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar bilen baglylykda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Duşuşygyň barşynda meýilleşdirilýän hem-de häzirki wagtda ýurdumyzda Ýaponiýanyň esasy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän taslamalara garaldy.Ulag, elektrik energetikasy, oba hojalygy, saglygy goraýyş, kommunikasiýa we aragatnaşyk, syýahatçylyk we ekologiýa ýaly ulgamlar özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça türkmen ykdysadyýetiniň sanly ulgama geçirilmegi bilen baglylykda ýokary tehnologiýalar ulgamy hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.Dürli düzümleriň işgärleri üçin okuwlary hem-de tejribe alyşmalary guramagyň hasabyna ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak işi hem döwletara gatnaşyklarynyň wajyp ugry hasaplanylýar.
