Daşary ýurtly talyplar Russiýa gidip okuwlaryny dowam etdirip bilerler

Daşary ýurtly talyplar Russiýa gidip okuwlaryny dowam etdirip bilerler

Daşary ýurtly talyplara okuwlaryny dowam etdirmek üçin Russiýa Federasiýasyna girmäge rugsat berler, giriş düzgünleri eýýäm işlenip taýýarlandy we ýakyn wagtda tassyklanar diýip, RF-iň Bilim we ylym ministrliginiň metbugat gullugy žurnalistlere habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

Habarda Bilim we ylym ministrliginiň daşary ýurtly talyplar üçin döwlet serhetlerini açmak başlangyjy bilen çykyş edendigi aýdylýar. RF-iň çägine täze koronawirus ýokanjynyň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça operatiw ştab okuwlary dowam etdirmek üçin girişe rugsat bermäge razylaşdy. Algoritm daşary ýurtly talyplara RF-e gelmäge mümkinçilik berýän düzgünler ministrlik tarapyndan eýýäm taýýarlandy we ýakyn wagtda tassyklanar.

Algoritm tassyklanylandan soň, Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtly talyplarynyň gelip, okuwy adaty formatda dowam etdirip, umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşip biljekdigi bellenilýär. Ylym we ýokary bilim ministri Waleriý Falkow ýokary okuw mekdepleriniň ählisiniň diýen ýaly okuw ýylyny adaty formatda başlaýandygyny habar berdi.

Ol haýsydyr bir sebäp bilen Russiýa gelip bilmeýän daşary ýurtly talyplar üçin uzak aralykdan okamak üçin şertleriň dörediljekdigini belledi. Gürrüň şol sanda goşmaça okuwlar, aýratyn okuw meýilnamalary we ýokary hilli bilim almaga mümkinçilik berýän beýleki çözgütler barada gidýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýada mugt magistratura okamaga mümkinçilik berýän halkara olimpiada yglan edildi
RUSSIÝA TÜRKMENISTANDA KOSMONAWTLARY TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYGA TAÝÝAR
Demirgazyk Koreýa we Russiýa hyzmatdaşlyklaryny güýçlendirýärler
“RŽD-Medisina” türkmenistanly kärdeşleri üçin lukmançylyk otlusyny taýýarlamaga taýýar
Yrakda 37 ýyldan soňra ilat ýazuwy geçirildi
Bild: GFR-iň öňki Kansleri Merkel ýatlamalar kitabynyň galam hakyndan millioner boldy
Russiýanyň demir ýollary (RŽD) Türkmenistanda bilelikdäki kärhanany döretmegi meýilleşdirýär