Daşkent sammiti: hyzmatdaşlygyň täze gadamlary

Şu ýylyň 9-njy noýabrynda Daşkent şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammiti sebitleýin hyzmatdaşlygyň ajaýyp mysaly, parahatçylygy hem durnukly ösüşi berkitmäge taýynlygyny görkezýän taryhy waka boldy.

Türkmenistan özüniň Bitaraplyk ýörelgesine eýerip, halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeldýär. Ýurdumyz halkara gatnaşyklarda işjeň hereket edip, dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde anyk başlangyçlary öňe sürýär.Häzirki wagtda döwrüň talaplaryndan ugur alýan köp sanly başlangyçlary, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak diplomatiýasyny işjeňleşdirmek boýunça öňe sürýän teklipleri ýurdumyzyň köptaraplaýyn gatnaşyklary parahatçylykly we diplomatik ýol bilen ösdürmek boýunça umumy tagallalara goşýan ägirt uly goşandydyr.

Hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda ulag ulgamynyň hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup durýandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny bellemek bilen, YHG-nyň ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi.

Onuň esasy wezipesi sebitde ulag merkezlerini döretmek, täze üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek we häzir bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, döwletlerimiziň çäginden geçýän halkara ulag ýollarynyň ugrunda gümrük, migrasiýa we beýleki işleri kadalaşdyrmak, sazlaşdyrmak meselelerine garamak bilen bagly bolup biler.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Hytaýdan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hazar deňziniň, Pars aýlagynyň we Gara deňziň portlaryna çykmak arkaly multimodal ýük daşalmagyny ýola goýmak meseleleriniň geljekde ara alnyp maslahatlaşylmagy ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Hormatly Prezidentimiz sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetine aç-açan innowasiýa häsiýetini bermegi we sanly özgertmeleri geçirmegi häzirki döwrüň iň möhüm meselesi hasaplaýandygyny beýan edip, Sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça YHG-nyň Çarçuwaly Ylalaşygyny işläp taýýarlamagy teklip etdi.

Köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda ýurtlarymyzyň eýe bolan mümkinçilikleridir meýilleri hakynda has giňden habardar bolmak üçin anyk maglumatlary, teklipleri, işewürlik taslamalaryny we beýleki zerur maglumatlary öz içine alýan maglumat portalyny döretmek baradaky pikire seretmegi teklip edýäris diýmek bilen, hormatly Prezidentimiz sanly ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilmeginiň wajypdygyny mälim etdi.

Hormatly Prezidentimiz energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada hem durup geçip, YHG-nyň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň we elektroenergiýanyň möçberlerini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiziň mejlisde eden taryhy çykyşyndan gelip çykýan möhüm wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrunda hem degişli işleriň geçirilýändigini bellemek ýakymlydyr. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe möhüm teklipler taýýarlanyp, olaryň esasynda 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolan syýahatçylyk ulgamynda hem hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen Mary şäherini 2027-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň syýahatçylyk paýtagty diýip yglan etmäge gönükdirilen çäreleri görmek göz öňünde tutulýar.

Mary şäheri özüniň taryhy ýadygärlikleri bilen köp sanly ýurtlaryň jahankeşdelerini özüne bendi edýär.

Ýeri gelende bellesek, 1985-nji ýylda Eýran, Pakistan we Türkiýe tarapyndan döredilen bu iri guramanyň agzalygyna 1992-nji ýylda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň hem-de Owganystanyň kabul edilmegi bilen, ol öz gerimini giňeldip, işini has-da ilerletdi.

Guramanyň işiniň esasy maksatlary we ugurlary agza döwletleriň ykdysady, tehniki, medeni hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, olaryň dünýä ykdysadyýetine yzygiderli utgaşygyny gazanmakdan, sebitiň dünýä söwdasyndaky ornuny artdyrmakdan, şeýle-de ählumumy abadançylygy üpjün etmekden ybaratdyr.

YHG-nyň taryhyna ser salsak, geçen 31 ýylyň içinde Türkmenistan guramanyň çäginde sebitara taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirendigini görmek bolýar.

Ýazmaral WELLEKOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan YHG-nyň Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň 9-njy noýabrda Özbegistana amala aşyran iş saparynyň netijeleri
Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe guramalaryň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar
YHG-nyň 16-njy Sammiti Daşkentde Başlady
Hormatly Prezidentimiz YHG-niň mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende bardy