Türkmenistanyň içeri işler ministri Tähranda YHG-nyň dördünji duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň içeri işler ministri Tähranda YHG-nyň dördünji duşuşygyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Içeri işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi. Agzalan duşuşyga Türkmenistanyň Içeri işler ministri Muhammet Hydyrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Çäräniň açylyş bölegine Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti M.Pezeşkian gatnaşdy. Şeýle hem 4-nji duşuşygyň işine YHG-nyň Baş sekretary hem-de bu Guramanyň agza ýurtlarynyň Içeri işler ministrleri, olaryň orunbasarlary we wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Içeri işler ministri çykyş etdi. Çykyşda bu Guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmek, özara tejribe alyşmak, içerki howpsuzlygy üpjün etmek hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň alyp barýan işi bilen bagly mowzuklary beýan etdi.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Eýran Yslam Respublikasynyň Içeri işler ministri Eskander Momeni, Polisiýanyň serkerdebaşysy Ahmad Reza Radan, Adalat ministri Amin Hoseýin Rahimi, Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministriniň orunbasary Münir Karaloglu we YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Han dagylar bilen duşuşdy.

Duşuşyklarda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, hususan-da, özara tejribe alyşmak, içerki we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we adam söwdasyna garşy göreşmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasy

Ýene degişli makalalar

Gahryman Arkadagymyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy
Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy — XXI asyrda parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady
BMG, Ysraýyla Gümrük Geçelgelerini Açmagy Üçin Çagyryş Berdi
Ysraýyl resmilerini uruş jenaýatçylary hökmünde jogapkärçilige çekmegiň zerurlygy
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň sözlerine we hasabatyna Eýranyň beren jogaby
Eýran, Ysraýyl režimini we Saud Arabystanynyň agressiw koalisiýasyny çaga hukuklaryny bozýanlaryň sanawyna goşmaýandygy üçin tankytlady