Daşkentde resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Daşkentde resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Şu gün — 14-nji iýulda Daşkentde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Bu barada Türkmenistan gazetiniň elektron sahypasynda habar berilýär.

Kuksaroý köşgüniň metbugat maslahatlary otagynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary dabaraly ýagdaýda Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular. Umuman, Türkmenistanyň Prezidentinň Özbegistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde möhüm resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak, goramak we rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyk, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk, Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygy amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasy (Ýol kartasy), Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022 — 2025-nji ýyllarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we senagat kooperasiýasyny ösdürmegiň Maksatnamasy, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk babatynda 2022 — 2024-nji ýyllar üçin Maksatnama, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy, Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda 2022-2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň gümrük serhetlerinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakynda Teswirnama, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda Türkmenistandan we Özbegistan Respublikasyndan geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri baradaky deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertleri, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Tokaý hojalygy boýunça döwlet komitetiniň arasynda tokaý hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ylalaşyk, Demir ýol ulaglary pudagynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda Türkmendemirýollary agentligi bilen Узбекистон темир йуллари paýdarlar birleşiginiň arasynda Ähtnama gol çekildi.

Resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ýaşlaryň işleri boýunça agentliginiň arasynda ýaşlar syýasaty babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Özbegistan Respublikasynyň Innowasiýa ösüşi ministrliginiň arasynda başlangyç ylmy-barlag taslamalary boýunça bilelikdäki bäsleşigi geçirmek hakynda Ylalaşyk, Türkmenhimiýa döwlet konserni bilen Özbegistan Respublikasynyň Uzkimýosanoat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda strategik arkalaşygy we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek hakynda Ylalaşyk, Türkmenhimiýa döwlet konserni bilen Özbegistan Respublikasynyň Uzkimýosanoat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Maryazot önümçilik birleşiginde (Türkmenistan) abatlaýyş-dikeldiş işlerini geçirmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistanyň Milli teleradiokompaniýasynyň arasynda teleradioýaýlymlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Teýmirleriň taryhy Döwlet muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Merkezi Aziýa halkara institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk hem bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda 3 million 149 müň 178 internet ulanyjysy bar
Milli ykdysadyýetiň girdejili pudagy
Türkmenistanda güýzki at çapyşygy möwsümine badalga berildi
Guýmagursak zehini ýatlap
Türkmenistanyň Prezidentiniň harby uçurymlaryna çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň harby uçurymlaryna çykyşy