Daşkentde türkmen-özbek toparynyň, işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisleri geçiriler

Daşkentde türkmen-özbek toparynyň, işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisleri geçiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň, işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlislerini geçirmegiň teklip edilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer türkmen-özbek toparynyň, işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisleriniň çäginde “Türkmenistanda öndürilen” atly ýurduň harytlarynyň milli sergisini geçirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly bu çäreleri ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edilen 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (“Ýol kartasy”) laýyklykda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 18-nji mejlisine, Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy we ýurduň harytlarynyň milli sergisini hem guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekildi.

Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynda wizasyz düzgün girizildi
Türkmen-özbek gatnaşyklaryndaky meseleler il-ýurt bähbitlerine 'ters gelýär'
Ýeňişli gadamlaryň we mizemez dostlugyň şanyna baýramçylyk dabarasy
Aragçi: Eýranyň ýadro energiýasyny parahatçylykly ulanmak hukugy barada gepleşik geçirip bolmaz
TÜRKMENISTAN HALKARA HUKUGYŇ ÝYLYNA TAÝÝARLYGA BAŞLAÝAR: GIŇ GERIMLI HEREKETLER MEÝILNAMASY TASSYKLANYLDY