Türkmenistanyň BMG-niň Ilat Gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (ÝUNFPA) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Sebitleýin direktory hanym Florens Bauer, şeýle hem UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt direktory hanym Çinwe Ogbonna bilen duşuşyk geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNFPA bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini bellediler. 20262030-njy ýyllar üçin UNFPA-nyň Türkmenistan boýunça Ýurt maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, şeýle hem reproduktiw we enäniň saglygyny goramak, gender deňligini ilerletmek we ýaşlaryň arasynda sagdyn jemgyýetçilik kadalaryny kemala getirmek ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berildi. 2021-2025-nji ýyllar üçin gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, şeýle hem 2026-2030-njy ýyllar üçin bu Meýilnamanyň nobatdaky tapgyrynyň işlenip taýýarlanylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirip, täze Ýurt maksatnamasynyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-inde gender deňligi babatda CEDAW-yň maslahatlaryny ýerine ýetirmek boýunça amaly ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy
UNFPA Türkmenistanyň gender deňligi boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berdi
Türkmenistan demografiýa we gender deňligi ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy
18-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Hindistan ilat sany boýunça dünýäde birinji orna çykdy
Türkmen wekiliýeti BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy