UNFPA Türkmenistanyň gender deňligi boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berdi

UNFPA Türkmenistanyň gender deňligi boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berdi

BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA) Türkmenistanda gender deňligini berkitmek babatynda alnyp barylýan başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Bu barada UNFPA-nyň Türkmenistan we Gyrgyzystan boýunça ýolbaşçysy Çinwe Ogbonne Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen geçiren duşuşygynda aýtdy. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Duşuşykda taraplar häzirki ýurt maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi we Türkmenistanyň hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda ylalaşylan täze bäş ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasy barada giňişleýin maslahatlaşdylar.

Duşuşykda degişli türkmen edaralarynyň kabul edilen maksatnamalara işjeň gatnaşýandygyny we oňyn netijeleri gazanýandygy bellenildi. BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) wekili ýetilen üstünlikleriň Türkmenistanyň yzygiderli döwlet syýasatynyň hem-de gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň subutnamasydygyny nygtady.

Çinwe Ogbonne 10-njy dekabrda Awazada geçiriljek häzirki jemgyýetde zenanlaryň ornuna bagyşlanan halkara konferensiýanyň ähmiýetini belledi. Ol bu çärä gatnaşjakdygyny aýdyp, duşuşyk meýdançasynyň tejribe alyşmak hem-de sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin möhüm mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi.

UNFPA — BMG-niň Ilat gaznasy bolup, demografik ösüş, reproduktiw saglyk, zenan hukuklary we gender deňligi ýaly ugurlar boýunça ýöriteleşen halkara guramadyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan demografiýa we gender deňligi ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýäniň ilat statistikasy tejribesini öwrenýär
Aşgabatda ýaşlaryň arasynda welosipedli ýöriş geçirildi
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ ÝÖRITELEŞDIRILEN EDARALARY BILEN RESMINAMALARYŇ TOPLUMYNA GOL ÇEKILDI
Türkmenistan BMG: hyzmatdaşlyk boýunça 26 sany resminama gol çekildi
Ilatynyň sany barada 15 ýyl dymýan Türkmenistan nobatdaky ilat ýazuwyny geçirdi