Daşky gurşawyň gözelligi bagtyýar ýaşaýyş

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Daşky gurşawyň gözelligi bagtyýar ýaşaýyş ady bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda söhbetdeşlik geçirildi.Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda tebigata sarpa bilen garamak, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler ata-babalarymyzyň döreden nakyllaryndan, paýhasly sözlerinde aýdyň görünýändigi ýagny, Bagy baryň saýasy bar, Bagy baryň miwesi bar diýen parasatly jümleler halkyň öz durmuşynyň içinden syzlyp çykan hakykatdan gözbaş alýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ajaýyp tebigy gözelliklere baý Türkmenistan döwletimiziň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, ony ylmy nukdaýnazardan çuňňur öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek, halkyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek işleri möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Daşky gurşawyň goraglylygy- abadan ýaşaýşyň kepili
Ekologiýa abadançylygy sagdyn durmuşyň kepili
Ekologiýa abadançylygy halkyň bagtyýarlygy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Çagalaryň hoş owazy durmuşyň bagt sazy
Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary