Daşoguz pagta egriji fabriginde ýokary hilli nah ýüplügi öndürilýär

Daşoguz pagta egriji fabriginde ýokary hilli nah ýüplügi öndürilýär

Daşoguz pagta egriji fabriginde pagta süýüminden taýýarlanylýan ýüplük Türkmenistanyň dokma senagatynda giňden ulanylýar hem-de daşary ýurtlara eksport edilýär.

Türkmenistan gazetinde berilýän habara görä, ýylyň dowamynda kärhanada 16 müň 700 tonna nah pagta süýümi gaýtadan işlenilýär. Şonça süýümden dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanylýan nah ýüplügiň 14 müň 500 tonnasy öndürilýär. Önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,3 göterim artdy. Önümçilik bölümlerine öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň kämil enjamlary ornaşdyryldy. Öndürilýän önümler Hindistana, Pakistana, Gyrgyz Respublikasyna, Türkiýä, şeýle-de Birleşen Arap Emirliklerine eksport edilýär.

Kärhanada işçi-hünärmenleriň 500-den gowragy zähmet çekýär. Kärhananyň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan barlaghana bölümi bar. Bölümdäki barlag-ölçeg enjamlary sap arassa ýüplügiň hilini kesgitleýär. Her gün önümleriň ep-esli mukdary gözegçilikden geçirilýär. Ýüplügiň ýörite hil görkezijisine laýyklygy anyk kesgitlenenden soňra, taýýar önümler ammaryna goýberilýär diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýatyndaky kärhana palçykdan bejeriş önümleriniň önümçiligini artdyrýar
Balam konditer kärhanasynyň süýjülikleri Moskwada geçirilen halkara ýaryşda baýraga mynasyp boldy
Türkmenabadyň pamyk egriji kärhanasynda 900 müň tonnadan gowrak önüm öndürildi
Pilim HK müşderilerine tebigy agaçdan we epoksid smoladan taýýarlanan stollary hödürleýär
Yupekchi Agro Pack Turkmenistan & Turkmen Food sergisinde BOLD Mango-kokos içgisini tanyşdyrýar
Türkmenistanda harby bölümlerdäki gulluk şertleri tapawutlanýar