Balam konditer kärhanasynyň süýjülikleri Moskwada geçirilen halkara ýaryşda baýraga mynasyp boldy

Balam konditer kärhanasynyň süýjülikleri Moskwada geçirilen halkara ýaryşda baýraga mynasyp boldy

Telekeçi Amandursun Begjanowanyň Balam konditer kärhanasy Moskwada geçirilen azyk önümleriniň, içgileriň we olaryň önümçiligi üçin çig mallaryň Prodexpo 2024 atly 31-nji halkara sergisiniň çäklerinde geçirilen Ýylyň iň gowy önümi 2024 halkara bäsleşiginiň netijeleri boýunça bäş altyn medal bilen sylaglandy.

Aşakdaky önümler ýokary baha mynasyp boldular:

Bäsleşige hödürlenen önümlere gaýtadan işleýän we azyk kärhanalarynyň, pudaklaýyn birleşikleriň we institutlaryň, synag merkezleriniň hem-de dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini öz içine alýan bilermenler topary tarapyndan baha berildi. Türkmen öndürijisiniň önümleri innowasion çemeleşmeleri we ajaýyp tagamy bilen toparyň agzalarynda ýakymly täsir galdyrdy.

Balam kärhanasy Aşgabatda ýerleşýän we 2016-njy ýyldan bäri işleýän önümhanada konditer önümlerini öndürýär. Önümçilik Şweýsariýanyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu ýerde bir aýda 2,5 müň tonna önüm öndürilýär.

Kärhananyň öndürýän önümleriniň hatarynda 100-den gowrak görnüş, şol sanda duzly we owranyp duran hamyrdan konditer önümleri, bişirilen, çörek önümleri, gündogar süýjüleri we tortlar bardyr. Kompaniýanyň önümlerine diňe bir türkmen alyjylarynyň arasynda däl, eýsem, GDA ýurtlarynyň köpüsinde-de uly isleg bildirilýär. Şeýlelikde, Balam konditer önümleri Russiýa, Gazagystana, Täjigistana we Özbegistana eksport edilýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Ýene degişli makalalar

Hüjüm eýlär barça ary, gabat gelse bal biläni
Iş Nokady English club duşuşyklarynyň täzeden başlanjakdygyny habar berýär
Türkmen azyk öndürjileri “F-Istanbul” atly halkara sergä gatnaşarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanda bolan otly heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi
TSTB-niň agzalary Food Stambul Expo 2023 halkara sergisine gatnaşarlar
Ysraýylly esgerleriň od açmagy netijesinde 3 palestinaly ýogaldy