Iş Nokady English club duşuşyklarynyň täzeden başlanjakdygyny habar berýär

Iş Nokady English club duşuşyklarynyň täzeden başlanjakdygyny habar berýär

Iş Nokady kompaniýasy müşderileriniň köp sanly haýyşy boýunça English club agşamlarynyň täzeden başlanýandygy baradaky habary bilen olary begendirmäge howlugýar.

Özüne çekiji duşuşyklaryň dowamynda olara gatnaşyjylar iňlis dilinde gürleşmek endiklerini öwrenýärler we ony ösdürýärler. Agşamlar aragatnaşyk üçin amatly şertlerde geçirilýär.

English club agşamlaryna gelýän 16 ýaşdan uly myhmanlar biri-biri bilen tanyşýarlar, gyzyklandyrýan mowzuklardan jedeller (debat) gurnaýarlar we ýakymly gurşawda dynç alýarlar.

Ilkinji duşuşyk 23-nji iýunda sagat 19:00-da Iş Nokady koworking merkezinde geçiriler. Onuň mowzugy Balancing Independence and Togetherness (Garaşsyzlygy we agzybirligi deňleşdirmek). Duşuşygyň esasy alypbaryjysy Nartach’s Late Night Talk gepleşik klublarynyň guramaçysy Garaýewa Nartäç.

Gatnaşmagyň bahasy 100 manat. Orunlaryň sany çäkli bolany üçin, gatnaşyk ýazylyşyk esasynda amala aşyrylýar. Telefon arkaly ýazylmak mümkindir: (+993 12) 46 81 65.

Salgysy: Berkarar işewürlik merkezi, 1-nji gat, Iş Nokady kompaniýasynyň ofisi.

Ýene degişli makalalar

Iş nokady Aşgabadyň ýaşaýjylaryny English club duşuşygyna çagyrýar
Iş Nokady English club formatynda nobatdaky duşuşygy geçirýär
Iş Nokady: IELTS synagyna Aşgabatda ýokary derejeli taýýarlyk okuwlary
PRESS RELEASE: Seventh Project Steering Committee Meeting EU Education Project
Turkmenistan has launched a series of capacity-building workshops on E-commerce.
PRESENTATION OF THE NEW BOOK OF THE PRESIDENT OF TURKMENISTAN IN THE INSTITUTE OF INTERNATIONAL RELATIONS OF THE MFA OF TURKMENISTAN