Iş nokady Aşgabadyň ýaşaýjylaryny English club duşuşygyna çagyrýar

Iş nokady Aşgabadyň ýaşaýjylaryny English club duşuşygyna çagyrýar

Iş nokady koworking merkezi nobatdaky gezek 16 ýaşdan uly bolan iňlis diliniň muşdaklaryny we bilermenleri English club duşuşygyna gatnaşmaga çagyrýar.

Bu ýerde dosltukly söhbetdeşlik atmosferasynda gatnaşyjylaryň her biri iňlisçe gepleýiş başarnyklaryny türgenleşdirmek, özüne ynamsyzlygyny ýeňmek bilen, geplemek endiklerini kämilleşdirip, şeýle-de çekeleşiklere we interaktiw oýunlara gatnaşyp biler.

Klubda sapaklary spiking klublaryň tejribeli guramaçysy bolan Nartäç Garaýewa alyp barar.

Nobatdaky gezek geçiriljek English club duşuşygy ýekşenbe güni — 16-njy iýulda sagat 17:00-da şu salgyda geçiriler: Aşgabat ş., Berkarar işewürlik merkezi, 1-nji gat, Iş nokady kompaniýasynyň ofisi.

Gatnaşmagyň tölegi — 100 manat. Gatnaşmaga öňünden ýazylmak üçin şu salgylanma girip ýa-da (+993 12) 46 81 65 telefon belgisine jaň edip bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Iş Nokady English club duşuşyklarynyň täzeden başlanjakdygyny habar berýär
Iş Nokady English club formatynda nobatdaky duşuşygy geçirýär
“Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçylary çemodanlarynyň açylmagyndan we bagaždaky çilimleriniň ýitmeginden nägile bolýarlar
23.01.2018 | Türkmenistan — Beýik Britaniýa: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri
Türkmenistan — Beýik Britaniýa: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri