Daşoguz şäherinde 80-den gowrak täze ýaşaýyş jaýy gurulýar

Daşoguz şäherinde 80-den gowrak täze ýaşaýyş jaýy gurulýar

Häzirki wagtda Daşoguz şäherinde 80-den gowrak täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Daşoguz şäherinde gurulýan täze ýaşaýyş jaýlarynyň 3-si ulanylmaga berler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, her biri 32 öýli, dört gatly 2 jaýyň hem-de 16 öýli, dört gatly bir jaýyň gurluşygyny “Atalyk gurluşyk” hususy kärhanasynyň işçileri alyp bardy.

Häzirki wagtda hususy kärhananyň işçi-hünärmenleri welaýat merkeziniň Zaman köçesiniň ugrunda 7 gatly jaýlaryň 12-siniň gurluşyk işlerini alyp barýar. Bu täze toplumdaky jaýlaryň 5-siniň her biri 42 öýli, 4-si 56 öýli, 3-si 84 öýli jaýlardyr.

Şäheriň gündogar çetinde gurulýan täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň umumy meýdany 71 gektara barabar bolup, bu ýerde jemi 1496 maşgala niýetlenen dört gatly jaýlaryň 70-si, Saglyk merkezi, 240 orunlyk çagalar bagy, 600 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdep, hyzmatlar öýi hem-de durmuş maksatly desgalaryň ençemesi bina ediler.

Dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işlerini “Sekizýyldyz”, “Ykjam bina”, “Döwürgurluşyk”, “Körpegurluşyk”, “Merdana doganlar”, “Bagtyýarlyk ýoly” hususy kärhanalary alyp barýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenbaşyda tok, suw we gaz üpjünçiligi bilen bagly şikaýatlar artdy
BMG: Ýeriň 10 ýaşdan ýokary ilatynyň 70 göteriminiň ykjam telefony bar
Mobile tm internet dükany Täze ýylyň öňüsyrasynda aksiýa çäresini geçirýär
ABŞ-da gara annanyň jemleri yglan edildi
Gerekli onlaýn dükanynda mega aksiýa arzanladyş çäresi geçiriler
Türkmenawtoulaglary agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi ulag dolandyrylýan mahalynda telefonlary ulanmagyň howpludygyny duýdurýar