Türkmenbaşyda tok, suw we gaz üpjünçiligi bilen bagly şikaýatlar artdy

Türkmenbaşyda tok, suw we gaz üpjünçiligi bilen bagly şikaýatlar artdy

Şu günler howanyň sowamagy bilen, Balkan welaýatynyň dürli sebitlerinde gaz basyşynyň peselmegi, elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň kesilmegi ýaly hadysalar ýygjamlaşyp başlady diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji fewralda sebitden maglumat berdi.

Türkmenbaşy şäheriniň dört etrapçasynda, şeýle-de Türkmenbaşy etrabynyň ilat arasynda Janga atlandyrylýan Türkmenbaşy şäherçesinde we Akdaş şäherçesinde elektrik energiýasynyň kesilmeginiň yz ýany, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýokarky gatlarynda ýerleşýän kwartiralaryň suw üpjünçiligi peselýär.

“Tok bolmansoň, nasoslar işlemeýär, ýokarky gatlara suw çykmaýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Üpjünçiligiň kesilmegi Türkmenistana sowuk howa akymynyň aralaşýan günlerinde bolup geçýär.

Mälim bolşy ýaly, 16-17-nji fewralda ýurduň dürli sebitlerinde howanyň temperaturasy birden peseldi. Ondan ozal, fewral aýynyň birinji ýarymynda ýurtda maýyl howa höküm sürdi.

“Meteožurnal” neşirine görä, 16-njy fewraldan başlap, Türkmenistana Gazagystanyň üsti bilen Günbatar Sibirden sowuk howa akymy aralaşyp başlady. 18-nji fewralda Mary welaýatynyň günorta sebitlerine güýçli gar ýagdy. Şol güni Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda irden garyň galyňlygy 10 santimetre çenli baryp ýetdi.

Balkan we Ahal welaýatynyň käbir etraplaryna-da gar ýagdy.Biraz öň, 17-nji fewralda Türkmenabat şäherine doly ýagdy, ýollarda sürçeklik emele geldi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary günbatar Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde we ýanaşyk ilatly ýerlerde, sowuk howa akymynyň arasynda, elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň üpjünçiliginiň peselýändigini habar berýärler.

“Kenar ýaka şäherde gijelerine 6 gradusa çenli sowaýan howa, hamala, 15 gradus sowuk ýaly duýulýar.Beton panelden ýasalan köp gatly jaýlaryň içi, hamala, et saklanylýan sowadyjylara çalym edýär.

Ykjam oturdylmadyk äpişgelerden sowuk geçýär.Bu hem az ýaly, sowuk howada elektrik we tebigy gaz üpjünçiligi ýygy-ýygydan kesilýär. Şonuň üçin, tok peçlerini hem ulanyp bolmaýar.Gaz bilenem ýylanyp bolmaýar” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli gaz üpjünçilik edarasynyň bir hünärmeni hojalyklara adatdaky möçberlerde tebigy gazyň iberilýändigini, ýöne sowuk howa zerarly, ýerli ýaşaýjylaryň gazdan has köp peýdalanýandygyny aýdýar.

“Gaz kada boýunça berilýär, ýöne talap bäş esse artdy. Biz näme edip bileris? Hojalyklara berilýän gazyň göwrümini artdyrsak, geçirijiler çydamaz” diýip, hünärmen aýdýar.

Elektrik energiýasy bilen üpjünçilik edarasynyň hünärmenleri hem talabyň ýokarlanmagy sebäpli, transformatorlaryň çydamaýandygyny, ýygy-ýygydan näsazlyklaryň ýüze çykýandygyny aýdýarlar.

“Adamlar şular ýaly pursatda, meselem, ýaşaýyş jaýlarynyň diňe bir otagyny ýyladyp, oňuşmagyň deregine, gaýtam, öýlerde elektrik energiýasy bilen işleýän enjamlaryny, tok peçlerini işledip, ähli otaglaryny ýylatmaga çalyşýarlar.Netijede, transformatorlara agram düşüp, tutuş bir gije toksuz galyp bilýärler.

Biz näme edip bileris!?Adamlara- da düşünýäris, ýöne olar hem bize düşünseler gowy bolardy!” diýip, elektrik energiýasy bilen üpjünçilik edarasynyň işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Bu aralykda, Akdaş şäherçesiniň ýaşaýjylary tebigy gaz bökdençligi zerarly hojalyklardaky ýyladyş gazanlaryny odun ýakyp ýylatmaga synanyşýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanyň köp sanly ilatly ýerlerinde, hususan-da, çet obalarda könelişen infrastruktura desgalaryndan peýdalanylýar. Adatdan daşary howa şertleri şäher we oba ýerleriniň tok, gaz hem-de suw bilen üpjünçiligine agram salýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Goşun gullugyndan ir boşajaklaryň 'para möwsümi' başlandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Balkanda ilatyň gaz töleginiň möçberi sarp edilen gazyň mukdaryna görä däl-de, jaýyň tutýan meýdanyna görä kesgitlenýär
Balkanly goja: Jaý satyn almak beýlede dursun, güzeranymyzy zordan aýlaýarys
'Aýdylýan 7 million nirede'. Türkmenistanyň ilatly nokatlarynda ýaşaýjy ep-esli azaldy
Türkmenbaşyda "gaz tygşytlamak we metan syzmalaryny azaltmak" üçin tamdyrlar ýumrulýar