Daşoguz şäherinde Maşgalam — baş galam atly üç görnüşli sahna oýny görkezildi

Daşoguz şäherinde Maşgalam — baş galam atly üç görnüşli sahna oýny görkezildi

Daşoguz şäher medeniýet merkezinde Maşgalam — baş galam atly üç görnüşli sahna oýnunyň görkezilişi boldy. Merkeziň halk teatrynyň taýýarlan sahna oýnunyň edebi esasy Öremyrat Öwezowyň galamyna degişlidir. Bu barada Daşoguz habarlary gazetinde habar berilýär.

Sahnada her bir adamyň durmuşynda maşgalanyň uly orun eýeleýändigi beýan edilýär. Şeýle hem türkmen halkynyň ençeme asyrlaryň synagyndan geçen maşgala bilen baglanyşykly dessurlary, durmuş ýörelgeleri täsirli wakalaryň üsti bilen şöhlelendirilýär. Maşgalada agzybirligiň, birek-birege sylag-hormatyň wajypdygy hakynda gürrüň edilýär.

Sahna oýnundaky wakalar Berkeli aganyň agzybir, döwletli maşgalasynda bolup geçýär. Ogullaryny öýli-işikli eden Berkeli aganyň körpe ogly şähere göçüp gidermen bolýar. Döredijilik bilen meşgullanýan ýigit soňlugy bilen ömrüniň many-mazmunynyň, döredýän eserleriniň ylham çeşmesiniň maşgalasyndadygyna düşünýär.

Sahnada Batyr Söýünow, Döwletgeldi Babanow, Begenç Nuryllaýew, Wepa Haldurdyýew, Aýjennet Gutlyýewa, Saparjemal Jumaýewa, Aýsoltan Atabaýewa dagy özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen janlandyrdylar. Oýny goýan režissýor Tahyr Baýlyýewiň eseri sahnalaşdyrmakda, artistleri keşpler boýunça saýlap almakda zähmetiniň ýerine düşendigini görmek bolýar. Spektaklyň sahna bezegini Ömürbaý Maşaripow, saz bezegini Öre Öräýew ýerine ýetiripdir.

Ýene degişli makalalar

06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda