Daşoguz welaýat gümrükhanasynda pudagara okuw maslahaty geçirildi

Daşoguz welaýat gümrükhanasynda pudagara okuw maslahaty geçirildi

Daşoguz welaýat gümrükhanasynda gümrük syýasatynyň daşary söwda ýetirýän täsirine bagyşlanan pudagara okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahaty Döwrebap gümrük syýasaty kuwwatly daşary söwdanyň kepili diýlip atlandyryldy.

Çärä Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugynyň we Döwlet weterinariýa gullugynyň hünärmenleri, Türkmendemirýollary we Türkmenawtoulaglary agentlikleriniň işgärleri, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Türkmen Logistika Assosiasiýasynyň agzalary we başga-da birnäçe ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri hem-de hususy telekeçiler gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň metbugat gullugy habar berdi.

Bellenilişi ýaly, okuw maslahatynda taýýar milli önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde Döwlet gümrük gullugy tarapyndan ýerine ýetirilýän işler dogrusynda giňişleýin bellenildi. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiliginiň durnukly ösüşini üpjün etmek babatda hem täsirli gürrüňler edildi.

Şunuň bilen baglylykda, hususy telekeçiler tarapyndan öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara eksport edilmeginde ileri tutma we ýeňillikli şertler, şeýle hem gümrük kanunçylygynda bellenilen kadalar hakynda söhbet edildi.

Ýene degişli makalalar

Lebap welaýat gümrükhanasynyň çäginde pudagara okuw-maslahaty geçirildi
Mary welaýatynda gümrük kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine bagyşlanan okuw-maslahaty geçirildi
Logistikanyň we Halkara forumyň netijeliligi
Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler
Demirgazyk-Günorta geçelgesinde ýük daşamalarynyň 32 million tonna ýetmegine garaşylýar
Türkmen, gazak we rus kompaniýalary bilelikdäki demir ýol hyzmatyny işjeňleşdirerler