Lebap welaýat gümrükhanasynyň çäginde pudagara okuw-maslahaty geçirildi

Lebap welaýat gümrükhanasynyň çäginde pudagara okuw-maslahaty geçirildi

Lebap welaýat gümrükhanasynyň çäginde pudagara okuw-maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň web sahypasynda habar berildi.

Döwrebap gümrük syýasaty kuwwatly daşary söwdanyň kepili atly pudagara okuw-maslahatyna Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugynyň we Döwlet weterinariýa gullugynyň hünärmenleri, Türkmendemirýollary we Türkmenawtoulaglary agentlikleriniň işgärleri, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Türkmen Logistika Assosiasiýasynyň agzalary we başga-da birnäçe ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hünärmenleri hem-de hususy telekeçiler gatnaşdylar.

Okuw-maslahatynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiliginiň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen, taýýar milli önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan amala aşyrylýan işler barada giňişleýin bellenip geçildi.

Bu ugurda gümrük kanunçylygynda bellenilen kadalar, hususy telekeçiler tarapyndan öndürilýän önümleriň eksport edilmeginde ileri tutma we beýleki göz öňünde tutulan ýeňillikli şertler barada mysaly düşündirişler getirildi.

Okuw-maslahatynda häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän gümrük syýasatynyň ähmiýeti, halkara derejeli ylalaşyklardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek hem-de ýurdumyzyň ulag-üstaşyr we eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak babatda gümrük edaralarynda amala aşyrylýan işler barada giňişleýin çykyşlar edildi.

Okuw-maslahatynyň barşynda, Döwlet gümrük gullugynda ulanylýan maglumat tehnologiýalary we sanly ulgamy ulanmagyň halkara söwdany ösdürmekdäki ähmiýetini beýan edýän wideoýazgylara syn edildi.

Ýene degişli makalalar

Daşoguz welaýat gümrükhanasynda pudagara okuw maslahaty geçirildi
Mary welaýatynda gümrük kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine bagyşlanan okuw-maslahaty geçirildi
Logistikanyň we Halkara forumyň netijeliligi
Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler
Demirgazyk-Günorta geçelgesinde ýük daşamalarynyň 32 million tonna ýetmegine garaşylýar
Türkmen, gazak we rus kompaniýalary bilelikdäki demir ýol hyzmatyny işjeňleşdirerler