Daşoguz welaýaty 2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligini kabul eder

Daşoguz welaýaty 2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligini kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Karara gol çekdi.Resminama sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde kabul edildi.Kararyň taslamasy barada döwlet Baştutanymyza wise-premýer B.Seýidowa hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda Medeniýet hepdeligi her ýylyň iýun aýynda geçirilýär hem-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralýar.Bu asylly däp milli medeni mirasymyzy wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň ukyp-başarnygyny giňden açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda milli medeniýetimizi we sungatymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny belläp, degişli Karara gol çekdi hem-de ony ýokary derejede guramak boýunça wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Ýaş şahyrlarymyzyň halkara festiwalyndaky üstünlikleri
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Medeniýet hepdeligi milli döredijiligiň baýlygyny görkezdi
Medeniýet hepdeligi — 2026: jemleýji dabaralar
Milli medeniýetiň köpöwüşginli baýramçylygy
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy