Medeniýet hepdeligi milli döredijiligiň baýlygyny görkezdi

Balkan welaýatynda birnäçe gün dowam eden Medeniýet hepdeligi şu gün tamamlandy.Döredijilik forumynyň ýapylyş dabarasy berkarar Watanymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň şu gün giňden bellenilýän toý çäreleri bilen utgaşyp, bu senäniň baýramçylyk wakalarynyň hatarynda uly we täsirli orna eýe boldy.

Balkan welaýatynda bir hepdeläp dowam eden Sungat forumyna gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň Balkanabat şäherindäki heýkeline ajaýyp gül desselerini goýup, beýik söz ussadyny sarpaladylar. Ýadygärligiň etegine goýlan gül çemenleri beýik türkmen şahyrynyň öz eserlerinde ündän parahatçylyk, dost-doganlyk, agzybirlik, päkniýetlilik, ynanyşmak baradaky maksatlarynyň, oý-pikirleriniň özboluşly rowaçlanmasyny hem-de halkymyzyň ynsanperwer şahyra bolan söýgüsini we çuňňur hormatyny, onuň zehinine goýýan belent sarpasyny alamatlandyrdy.

Soňra Foruma gatnaşyjylar Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki Türkmeniň ak öýi binasyna geldiler.Bu ýerde Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy hem-de berkarar Watanymyzda her ýyl giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Çärede hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Karary esasynda indiki, 2027-nji ýylda Medeniýet hepdeliginiň Daşoguz welaýatynda geçiriljekdigi barada hem yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary dabara gatnaşyjylara ýetirildi.

Bu baradaky habar Sungat forumyna Daşoguz welaýatyndan gatnaşýan wekiller tarapyndan şatlyk-şowhun bilen kabul edildi.Konsert maksatnamasynda meýilleşdirilen çykyşlar tamamlanandan soň, Daşoguz welaýatynyň wekillerine 2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligini kabul etjekler hökmünde Göçme kubok gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Göçme howa goranyş ulgamy SUNGUR TÝG-niň düzümine goşuldy
Bilelikdäki harby-meýdan türgenleşigi geçirildi
Balkanda 'dedowşina' zerarly sekiz esger harby gullukdan gaçdy
Göçmekden ýüz öwren hytaýlynyň öýüniň daşyndan ýol gurdular
Ýer Titremelerinden Soň Daşary Ýurtlar Bize Uly Kömek Berdi
Ýer Titremeleriniň Başdan Geçirlen Sebitlerinde 28 Ýurt 30 Göçme Hassahana Gurdy