Daşoguz welaýatynda 2200 gektar meýdana güýzlük sogan ekildi

Daşoguz welaýatynda 2200 gektar meýdana güýzlük sogan ekildi

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda güýzlük sogan geçen ýyldakydan iki esse köp meýdana 2200 gektar meýdana ekildi.Akdepe etraby sebitde irki sogany ýetirişiriji etrapdyr.Bu ýerde sogan 550 gektar meýdana ekildi. Şabat etrabynda 480 gektar, Boldumsaz etrabynda bolsa 380 gektar ýere sogan ekildi.

Daşoguz welaýatynyň beýleki etraplarynda-da güýzlük sogan ýetişdiriler, 2020-nji ýylyň gyşyndan bäri ol sebitde köpçülikleýin ýetişdirilip gelinýär.Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşiri habar berýär.

Geçen ýyllaryň tejribesi soganyň şu usulda ýetişdiririlişinde sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, aýaza we kesellere has durnukly görnüşleriniň hem-de gyşky şitillere ideg etmegiň düzgünlerine berk eýerilmeginiň ähmiýetiniň uludygyny görkezdi.

Güýzlük soganyň ýetişdirilmegi ekarançylara bazarlary ýokary hilli ter önüm bilen ýylboýy üznüksiz üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Döwlet tarapyndan ilatyň islegli azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini ardtyrmak boýunça obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda Daşoguz welaýatynyň babadaýhanlary hem oba hojalyk önümleriniň, şol sanda ýeralmanyň, soganyň, kelemiň, kösükli we bakja ekinleriniň hasyllylygyny yzygiderli ýokarlandyrýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda güýzlük bugdaýyň ekişine badalga berildi
25.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Lebaply kärendeçiler güýzlük bugdaýyň doly ekilmändigini aýdyp, öňümizdäki ýyl un ýetmezçiliginiň saklanjagyny duýdurýarlar
14.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
04.09.2019 | Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi