Lebaply kärendeçiler güýzlük bugdaýyň doly ekilmändigini aýdyp, öňümizdäki ýyl un ýetmezçiliginiň saklanjagyny duýdurýarlar

Lebaply kärendeçiler güýzlük bugdaýyň doly ekilmändigini aýdyp, öňümizdäki ýyl un ýetmezçiliginiň saklanjagyny duýdurýarlar

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi prezidentiň beren ak patasy esasynda, ýurduň welaýatlarynda güýzlük bugdaý ekişiniň başlanandygyny yglan edenden bir ýarym aý soň, lebaply kärendeçiler bugdaý ekişiniň heniz hem doly amala aşyrylmandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçylarynyň biri bilen anonim şertde söhbetdeş bolan onlarça lebaply kärendeçi munuň sebäplerini döwlet tarapyndan üpjün edilmeli oba hojalyk tehnikalarynyň we serişdeleriniň ýetmezçiligi bilen düşündirýärler. “Güýzlük bugdaý ekişi Lebapda, hususan-da welaýatyň Serdar etrabyndaky daýhan birleşiklerde gijä galýar.

Muňa sürüm traktorlarynyň ýoklugy, traktorlar üçin dizel ýangyjynyň ýoklugy sebäp bolýar. Şeýle-de, ekiş üçin tohum hem tapdyrmaýar” diýip, lebaply habarçy kärendeçilere salgylanyp, 17-nji oktýabrda gürrüň berdi.Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Lebap welaýat we Serdar etrap häkimliklerinden kommentariý almak başartmady. 4-nji sentýabrda resmi metbugat Türkmenistanyň welaýatlarynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren ak patasy esasynda, güýzlük bugdaý ekişine başlanandygyny habar berdi. “Gallaçylar zerur oba hojalyk tehnikalary bilen doly üpjün edildi.

Oba zähmetkeşleriniň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi, ekerançylaryň bereketli hasyl ösdürip ýetişdirmegi üçin hemme zerur şertler döredildi.Olar ýokary hilli tohum, dürli görnüşli dökünler, ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleri, zerur mukdarda döwrebap oba hojalyk tehnikalary we ösüş suwy bilen üpjün edilýär” diýip, Türkmen döwlet habarlar agentliginiň (TDH) 4-nji sentýabrda çap eden habarynda aýdyldy.

Maglumata görä, şu ýyl Türkmenistanda 690 müň gektar meýdana bugdaý ekilip, 2020-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda - 400 müň, Mary welaýatynda - 345 müň, Lebap welaýatynda - 310 müň, Daşoguz welaýatynda - 265 müň we Balkan welaýatynda - 80 müň tonna däne ýygnap almak planlaşdyrylýar. Şol bir wagtyň özünde, lebaply gallaçy kärendeçiler noýabr aýy golaýlanda bugdaýyň eýýäm gögerip başlamalydygyny, ýöne heniz onuň tohumynyň hem ýere taşlanmandygyny aýdyp, öňümizdäki ýyl bugdaý hasylynyň pes boljakdygyny duýdurýarlar. “Bugdaý tizden-tiz ekilmese, öňümizdäki ýylam un gytçylygynyň dowam etjegi ikuçsyz” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply kärendeçi aýtdy. Şeýle-de, kärendeçi ýurtdaky ýer, suw we howa şertleriniň bugdaý öndürmek üçin ýeterlikdigini aýdyp, Türkmenistanda dowam edýän un gytçylygynyň “döwlet emeldarlarynyň dolandyryş sistemasynyň ýaramazlygy bilen baglanyşyklydygyny” hem belleýär. “Kärendeçilere berilmeli oba hojalyk tehnikalary we serişdeleri öz wagtynda berilse, biz bökdençsiz bol bugdaý hasylyny alardyk. Ýöne döwlet mediasy daýhanlaryň ähli zerur şertler bilen doly üpjün edilendigini tekrarlasa-da, bu ýylyň-ýylyna doly amala aşman gelýär.

Un gytçylygy hem saklanyp galýar.Hatda Nyýazow döwründe-de adamlar diňe ýokary hilli un satyn alyp iýýärdiler.Häzir adamlar un tapsalar kaýyl” diýip, lebaply kärendeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Soňky ýyllarda türkmen hökümeti importy azaldyp, eksportyň ornuny tutýan önümleri, şol sanda galla önümleriniň öndürilişini artdyrmagy, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegi maksat edinýändigini tekrarlaýar.Emma muňa garamazdan, soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri ýurt raýatlary un, çörek, kepek gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. 14-nji oktýabrda Marynyň döwlet dükanlarynda uzak arakesmeden soň un satylyp başlandy. Şonda Azatlyk Radiosynyň habarçylary dükanlarda uly nobatyň dörändigini, emma unuň ilata çäkli möçberde satylandygyna garamazdan, alyjylaryň hemmesine ýetmändigini habar berdiler. 24-nji sentýabrda bolsa, Marynyň döwlet dükanlaryndan un satyn almaga barýan ýaşaýjylardan öňümizdäki aý üçin nobata ýazylmak talap edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Edermen babadaýhanlarymyzyň zähmet üstünligi
Türkmenistanda güýzlük bugdaýyň ekişine badalga berildi
Lebapda suwarymly ýerleriň ýetmezçiligi kärendeçileriň we maldarlaryň arasynda dawa döretdi
Gallaçy kärendeçiler bugdaý meýdanlaryndan ikinji hasyl almakda häkimiýetleriň böwedine duçar bolýar
Dizel gytçylygy bugdaý ekişini bökdeýär. Balkanda ýene ýangyç ýetmezçiligi emele geldi
14.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi