Lebapda suwarymly ýerleriň ýetmezçiligi kärendeçileriň we maldarlaryň arasynda dawa döretdi

Lebapda suwarymly ýerleriň ýetmezçiligi kärendeçileriň we maldarlaryň arasynda dawa döretdi

Saýat etrabynda kärende ýerleri wagtlaýynça maldarlara berdiler diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” mundan owal beren maglumatlaryna göra, Lebapda galla oragyna gözegçilik edýän agronomyň talaby boýunça kambaýnçy bugdaýy kesýän abzaly bolmalysyndan biraz ýokarda (tigre ýakynrak) gurýar. Çünki, şeýle edilse galla orýan pyçaklar döwülmez we ol gury kesekleriň hem beýleki galyndylaryň düşmegi netijesinde kütelmez.

Netijede, gallanyň belli bir böleginiň bunkere düşmändigi üçin awtoulaga ýetmän, ýere dökülýär. Gallanyň baldagy hem orulmandygy üçin toprakda isrip bolýar. Adaty ýagdaýda gallanyň baldagy düýbünden orulýar we samany ekin meýdanda galýar.

Kärendeçiler şol samany gara un ýa iým sepip, mal-garasyna berýärler, jaý ýa tamdyr suwamaga ulanýarlar. Şol sebäpli, şu ýyl kärendeçiler hojalykda ulanýan samany alyp bilmediler, olar mallara iým üçinem ulanylýardy.

Mundan başga-da, daýhan birleşikleriniň we maldarlaryň arasyndaky şertnamalar boýunça maldarlara iýmlik ekin ekmäge ýer bölüp bermeli.

Suwarym ýaplary bolan boş ýerleriň ýokdugy üçin orakdan soňky meýdanlary maldarlara berdiler.

Şol sebäpli, kärendeçileriň we maldarlaryň arasynda dawalar döredi. Gallaçylaryň tassyklamaklaryna laýyklykda, olar ýeri işläp-bejermek we dökünlemek üçin çykdajylar etdiler.Emma,ondan girdejileri maldarlar gazanýarlar.Olar ekin meýdanlaryndan goşmaça girdeji almak üçin ýerlerine iýmlik ekin ýa käşir ekmegi göz öňünde tutýarlar.

“Watan”, ”S.Seýdi”, “Azatlyk”, “S.Nyýazow” daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary we Saýat etrabynyň häkimligi eger öz ýerleriniň maldarlara wagtlaýynça berilmegine garşy çyksalar, onda gallaçylaryň ýerlerini almak haýbatlaryny atýarlar.

Maldarlar oktiýabr aýyna çenli ekin ekip, hasyl almak üçin galla oragyndan soňra galan samanlary ýygnaman, ýakýarlar we ýerleri sürüp başlaýarlar.

The post Lebapda suwarymly ýerleriň ýetmezçiligi kärendeçileriň we maldarlaryň arasynda dawa döretdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Dizel gytçylygy bugdaý ekişini bökdeýär. Balkanda ýene ýangyç ýetmezçiligi emele geldi
Gallaçy kärendeçiler bugdaý meýdanlaryndan ikinji hasyl almakda häkimiýetleriň böwedine duçar bolýar
Lebaply daýhanlar: Häkimiýetler ýagşyň netijelerinden aman galmaga kömek etmeýär
Türkmenistanda künjaranyň we kepegiň döwlet bahasy bäş-alty esse gymmatlady
Lebaply kärendeçi: “Şaly ýetişdirilende adaty daýhanlar ala tutulýar. Bu döwletiň zyýanyna”
'Erksiz' emeldarlaryň täzelenmegi uzaga çeken oba meselesini çözermi?