Türkmenistanda künjaranyň we kepegiň döwlet bahasy bäş-alty esse gymmatlady

Türkmenistanda künjaranyň we kepegiň döwlet bahasy bäş-alty esse gymmatlady

Türkmenistanda künjaranyň we kepegiň döwlet bahasy degişlilikde bäş we alty esse gymmatlady. Bu ýagdaý, kepegiň we künjaranyň erkin söwdadaky bahalarynyň hem ýokarlanmagyna getirdi. Bu barada ahally maldarlaryň we daýhanlaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

“Ozal döwlet bahasy 50 teňňe bolan bir kilogram künjara indi, onuň hiline görä, 3 3,5 manat diýlip kesgitlendi. Bir kilogramy 40 teňňe bolan bugdaý kepeginiň bahasy hem 2,5 manada gymmatlady. Bu barada öňünden duýduryş edilmedi” diýip, ahally pagtaçy daýhan anonim şertde gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, daýhan künjaranyň we kepegiň ozalky nyrhdan ýönekeý adamlara azyndan 10 ýyl bäri satylmaýandygyny hem aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu bahadan diňe gallaçy we pagtaçy kärendeçilere, şeýle-de döwlet eýeçiligindäki maldarçylyk hojalyklaryna çäkli möçberde satylýardy.

“Gallaçy we pagtaçy kärendeçiler döwlet harmanyna tabşyran bugdaý we pagta hasylyndan öndürilen kepegiň we künjaranyň 50 göterimini ýeňillikli bahalardan, ýagny bir kilogramyny degişlilikde 50 we 40 teňňeden satyn alyp bilýärdiler.

Olar bulary öz mallaryna iým edýärdiler ýa-da çopanlaryna, maldarlara satýardylar.Kepegiň we künjaranyň galan bölegi resmiler bilen çopanlaryň özara ylalaşygy esasynda, maldarlara gymmat bahadan satylýar” diýip, ahally daýhan belledi.

Künjara - pagta çigidinden we kepek bugdaýy gaýtadan işlemekden alynýar. Bular gallaçy hem-de pagtaçy kärendeçileriň döwlet harmanyna tabşyran hasyly esasynda döwlet kärhanalary tarapyndan öndürilýär.

Gysylyp ýagy alnan pagta çigidiniň gemresi bolan künjara we üwelen dänäniň elenenden soňky galýan bölejikleri bolan kepek mallar üçin iým hökmünde ulanylýar.

Bularyň döwlet bahasynyň ýokarlandyrylandygy barada ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde häzirlikçe haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär.

Bu barada Azatlygyň Ahalyň oba hojalygy resmilerinden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Ýöne habarçymyz gymmatlamanyň kepegiň we künjaranyň erkin söwdadaky bahalaryna hem täsir edip, olaryň ýokarlanmagyna getirendigini aýdýar.

“Şu günler Balkan welaýatynyň Gyzylarbat ýag zawodunyň künjarasynyň hususyýetçilerdäki bahasy 5 manatdan 7,5 manada ýokarlandy. Kepegiň hem 15 kilogramlyk haltasy 50 manatdan 80 manada gymmatlady” diýip, ahally maldar anonim şertde beren maglumatynda bu gymmatlamanyň öňümizdäki hepdelerde ýa-da aýlarda mal etiniň bahasynyň ýokarlanmagyna getirmeginiň gaty ähtimaldygyny hem duýdurdy.

Künjaranyň we kepegiň bahasynyň gymmatlandygy baradaky maglumatlar ýurtda bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň 2,5 esse ýokarlandyrylmagyndan we munuň yz ýany unuň we çöregiň bahalarynyň dört-bäş esse gymmatlamagyndan iki hepde çemesi soňa gabat geldi.

Mundan ozal, şu ýylyň başyndan, ýagny 1-nji ýanwardan başlap ýurtda hojalyklara berilýän suwuň bahasy hem duýdansyz 50 teňňeden 1 manada ýokarlandy.

Azatlygyň habarçylary bu gymmatlamalaryň ilat arasynda aladalary artdyrýandygyny, ykdysady kynçylyklar zerarly ozal hem gurpdan düşen köp maşgala üçin bularyň goşmaça zarba bolýandygyny aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri gymmatlamalaryň raýatlara ýetirýän täsirleri barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanda döwlet üçin sogan eken kärendeçiler 'uly zyýana galýar'
Balkanda bugdaý meýdanlaryny pişikguýruk basýar
Magtymguly ýylynyň nyşany we 10$. Türkmenistan uruş weteranlaryny 'sylaglady'
Balkanly býujet işgärlerinden ýeralma tohumy üçin pul ýygnalýar
Ot-iým ýetmezçiligi maldarçylyk pudagyna zarba urýar, mallar gyrylýar
Günbatar Türkmenistanyň käbir sebitleri sil suwlaryndan zyýan çekdi