Daşoguz welaýatynda Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

Daşoguz welaýatynda Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

Ýurdumyzyň dünýäde giňden tanalýan meşhur Galkynyş milli at üstündäki oýunlar topary Daşoguz welaýatynda uly dabara bilen garşylandy. Şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli resminamasy esasynda tassyklanylan atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasyndan ugur alnyp, şeýle hem 2026-njy ýylyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň sirk sungatyna uly goşandy üçin ýanwar aýynda Monakonyň Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolmagynyň hormatyna şu gün welaýat merkezi Daşoguz şäherinde Toýnak sesiň toý dabara at-myradyň mekanynda atly giň gerimli dabaraly çäreler geçirildi. Ýakynda Balkan welaýatynda badalga berlip, bu gün Daşoguzda dowam eden bu çäreler milli sirk sungatynyň ösmegine mynasyp goşant goşýan toparyň agzalarynyň ýurdumyzyň sebitleri boýunça guraýan baýramçylyk ýörişiniň nobatdaky tapgyryna öwrüldi. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ýaýbaňlandyrylan dabara Daşoguz şäheriniň merkezinde başlandy.

Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary şäheriň Görogly meýdançasynda Daşogzuň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň hem-de welaýatyň birleşen Dessan tans toparynyň Gyratym atly teatrlaşdyrylan aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Soňra myhmanlar Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň dabara meýdançasynda welaýatyň birleşen dessançy bagşylarynyň aýdymyna hem-de Dessan tans toparynyň Küştdepdi tansyna tomaşa etdiler. Çykyşlar tamamlanan soň, dabara gatnaşyjylar welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergisini synladylar.

Soňra dabara gatnaşyjylar Daşoguzyň Türkmeniň ak öýi binasyna tarap ýola düşdüler.Bu ýerde Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary belent ruha beslenen aýdym-sazlar we şatlyk-şowhun bilen garşylandylar.

Myhmanlaryň öňünde pederlerden mirasymyz bolan behişdi bedewler baradaky mazmuny özünde jemleýän teatrlaşdyrylan aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.Soňra dabara gatnaşyjylar Türkmeniň ak öýi binasynyň girelgesinde Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň bagşylar toparynyň joşgunly çykyşlaryna tomaşa etdiler hem-de şol ýerde guralan sergini synladylar.

Sergidäki gymmatlyklaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň geçen 2025-nji ýylda Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda mynasyp bolan Baş baýragy we beýleki ýörite baýraklary, şonuň ýaly-da häzire çenli gazanan hemme beýleki sylaglarydyr baýraklary aýratyn orun tutýar. Çärede berkarar Watanymyzda ahalteke bedewlerine döwlet derejesinde uly üns berlişi, olaryň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da artdyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işler, tohumçylyk-seçgiçilik işleriniň öwrenilişi hem-de toparyň agzalarynyň has-da kämilleşip üstünlikli çykyş etmekleri üçin döredilýän şertler baradaky çykyşlar tamamlandan soň, dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Döredijilik we aýdym-saz sungatynyň ussatlarynyň dowam eden çykyşlarynda 2026-njy ýylyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany diýen şygary, ahalteke bedewlerimiz wasp edildi.Soňra sirkiň sahnasynda bu günki dabara mynasybetli Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy ýaýbaňlandyryldy.

Bu çykyşlar tomaşaçylara ýatdan çykmajak örän täsirli pursatlary paýlady.Toparyň çykyşlary tomaşaçylarda uly şowhun döredip, ýakymly täsirleri galdyrdy.Olaryň çykyşlarynyň hemişe uly gyzyklanma döredýändigini bellemek gerek. Çykyşlarda çeýelik, gözellik hem-de ussatlyk bir bitewi sazlaşygy emele getirip, tomaşanyň täsirliligini artdyrýar.

Birnäçe aýdymçylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde Arkadagly Gahryman Serdarymyz diýen aýdymyň ýaňlanmagy dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.Watansöýüjilik baradaky mazmuny hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza belent hormaty beýan edýän bu aýdym tomaşaçylarda egsilmez ruhubelentlik döretdi.

Soňra Türkmeniň ak öýi binasynyň köpçülikleýin dabaralary geçirilýän binasynda şanly wakanyň hormatyna agzaçar wagtynda toý sadakasy berildi.Munuň özi ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli ajaýyp wakalaryň guramaçylyk derejesine toplumlaýyn çemeleşilýändiginiň we onda milli ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Konserwatoriýanyň talyplary bagşyçylyk sungatynyň syrlaryny öwrenýärler
23.06.2019 | Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi — 2019 çäresi badalga aldy
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi — 2019 çäresi badalga aldy
07.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary