Daşoguz welaýatynda gowaça ekişi üçin ýokary hilli tohum taýýarlanylýar

Daşoguz welaýatynda gowaça ekişi üçin ýokary hilli tohum taýýarlanylýar

Köneürgenç etrabynyň döwrebap pagta arassalaýjy kärhanasynda 2 müň 397 tonna tohumlyk gowaça çigidi taýýarlanyldy. Bu tohumlaryň esasy bölegini Gubadag-3, Jeýhun, F-27 we F-47 ýaly saýlama görnüşler düzýär diýlip, Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pagta arassalaýjy kärhanasynda hem 2024-nji ýyly gowaça ekişi üçin ýokary hilli tohumyň 400 tonnadan gowragy taýýarlandy. Ösen tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen taýýarlanan gowaça tohumlary häzirki zamanyň ýokary talaplaryna doly laýyk gelýär.

Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlarynda bu hojalygyň tohumçylyk bölüminde oýlanyp tapylan hem-de synagdan geçen Jeýhun tohumy ekilýär.Orta süýümli bu tohum ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşandygy, hasyllylygy taýdan tapawutlanýar.

Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň gowaça meýdanlarynda MERS atlandyrylan mikrodökünleriň täze görnüşi hem önümçilik synagyndan geçirildi.Täze tehnologik esaslarda taýýarlanýan bu dökünler oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ymykly ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şu ýylyň ýazky ekiş möwsüminiň öň ýanynda gowaça ekiljek ýerleri bu mikrodökünler bilen işläp taýýarlamak boýunça çäreler hem göwnejaý geçirilýär diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Ösen ýurtlaryň döwlet bergileri 15 ýylda iki esse artdy
2022-nji ýylyň iň gowy senagat tendensiýalary
Miweli ülke HK-da sowadyjy ammarynyň gurluşygy uly depginler bilen dowam edýär
Milletimize Beýik we Güýçli Türkiýe Wada Berýäris
Erdogan Maksatlarynyň Türkiýäni Dünýäniň Ösen 10 Ykdysadyýetiniň Hataryna Goşmakdygyny Aýtdy
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman...