Daşoguz welaýatynda kartoşkadan ýylda iki hasyl alynýar

Ýurdumyzyň demirgazygynda giçki ekilen kartoşka hasyly ýygnalýar. Şu ýylyň güýzünde Daşoguz welaýatynda bu ekin köpçülikleýin 1100 gektar meýdana ekildi.Sebitiň etraplarynyň üçüsinde olary ýetişdirmäge ýaramly ýer bölünip berildi.

Ekmek üçin onuň sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, sowuk howa, kesellere durnukly, şert dannamaýan we ýokary hasylly görnüşleri saýlanyp alyndy.Ekarançylar ýazky kartoşka ýetişdirmekde ýeterlik tejribe toplasalar-da, sebitiň howa şertlerinde ýylda iki hasyl almak aňsat iş däl. Ösümligiň kemala gelýän döwrüni göz öňünde tutup, ony ekmek, ekine ideg etmek we ýetişdirilen hasyly ýygnamak boýunça agrotehniki çäreleri talabalaýyk geçirmeli.

Entek güýzki hasylyň jemi jemlenmedik bolsa-da, ýerli babadaýhanlaryň kartoşkanyň ýylda iki hasylyny ýetişdirmekde tejribe toplandygyny aýtsa bolar, bu bolsa geljekde olara kartoşka ýetişdirmegi we munuň üçin başarnyklaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Mysal üçin, S.A.Nyýazow adyndaky etrapda 300 gektar ýere güýz ekilen kartoşkadan Nowbahor daýhan birleşiginiň ekarançylary şu güne çenli bir ýüz dokuz tonna hasyl aldylar.Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň N.Andalyp we Şawat daýhan birleşiklerinde atyzlardan iki ýüz ýigrimi bäş tonna kartoşka ýygnaldy.

Güýzki hasyl sebitde şu ýylyň tomsunda ýygnalan 56 müň tonna kartoşkanyň üstüne saldamly goşant bolar. Munuň özi döwlet tarapyndan oba hojalyk önümlerini öndürijileriň hemmetaraplaýyn goldanylmagy netijesinde ýurdumyzda ähli ýerde oba hojalyk ekinleriniň öndürilişiniň artýandygyna, onuň bolsa, öz gezeginde, azyk bolçulygyny berkitmäge ýardam edýänligine şaýatlyk edýär.

Ýene degişli makalalar

Daşoguzly daýhanlar güýzlük sogan ekinleriniň mukdaryny artdyrýarlar
Daşoguz welaýatynda ýazky ýeralma ekişine başlandy
Oba hojalyk önümleriniň möçberi artdyrylýar
Aşgabatda täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygyna girişiler
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy seýilgähiniň durky täzeleniler
Aşgabatda 6 sany awtobus gatnawlaryna üýtgeşme girizildi