Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna badalga berildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” altyn güýziň ilkinji aýy hem özüniň şatlykly wakalary dabaraly çäreleri bilen taryha ýazylýar.

Ynha bu sähetli gün ir säher bilen gadymy Daşoguz topragynda Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň Ak patasy, il sylagly ýaşulylaryň “Bismillasy” bilen Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň kärendeçisi Bagtyýar Işjanowyň 10 ga. kärende ýerinde pagta ýygymyna dabaraly ýagdaýda badalga berildi.

“Ak altyn” ussatlarymyzyň irginsiz zähmeti netijesinde pagtanyň bol hasyly ýetişdirildi. Ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak ugrynda zähmetini gaýgyrmaýan daýhanlarymyzyň azaby ýerine düşýär.

Oba hojalygynyň daýhançylyk işinde möhüm ähmiýetli möwsümleriň biri-de pagta ýygym möwsümidir.Bu işlerde pagtaçy daýhanlara ýakyn hemaýatçy bolýan oba hojalyk tehnikalary aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Şonuň üçin hem welaýatymyzyň oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky ähli tehniki hyzmat ediş kärhanalar bu möhüm möwsüme taýýarlyk işleri irki möhletlerde görüp, häzirki wagtda işe gyzgalaňly girişdiler.

Iş önümçiligi ýokary bolan kuwwatly, döwrebap tehnikalaryň Hormatly Prezidentimiziň hemaýat goldawlary netijesinde alynyp berilmegi bilen ekinlere ideg etmegiň agrotehniki çäreleriň ýokary hilli we aýny wagtynda geçirilmegine mümkinçilik berýär.

Möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanylýan tehnikalaryň saz we bökdençsiz işledilmegi bu işiň öz wagtynda we maksada laýyk ýerine ýetirilmeginiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şulardan ugur alyp, pagta ýygymy möwsüminde pagta ýygýan maşynlar, güýzlik bugdaýyň ekişinde dürli kysymly sürüm traktorlaryny, ekijileri abatlanylyp, möwsüme taýýar edilmegi uly ähmiýet berýär.

Welaýatymyz boýunça häzirki wagtda “John Deere” kysymly pagta ýygýan kombaýnlardan 206 sanysy, “MH-1,8” kysymly tirkeg pagta ýygýan maşynlaryň 137 sanysy, ýetişdirilen hasyly kabul ediş harmanhanalaryna daşamak üçin dürli ulaglaryň 1774 sanysy ulanylýar. Mehanizatorlaryň, sürüjileriň hem-de ýygymçylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertler döredilen.

Ýerden bereketli hasyly öndürmek maksady bilen, oba hojalykçylara satyn alyp berýän tehnikalary, şeýle-de goldaw-hemaýatlary üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys. Goý, olaryň jany sag, belent başlary aman bolsun.

Gülşat Gurbanowa, Agrosenagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz galla oragynyň depgini bilen tanyşdy
Galla oragy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär
Çeşme: Darganatanyň "Obahyzmat" edarasynda dizel ogurlygynyň üsti açyldy
11.06.2018 | Galla oragynyň depgini: Ahal welaýaty
Galla oragynyň depgini: Ahal welaýaty
22.06.2019 | Däne oragy möwsüminiň öňdebaryjylarynyň sany artýar