Daşoguz welaýatynyň telekeçileri et-süýt öndürilişini artdyrmak boýunça taslamalary durmuşa geçirýärler

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda gara mallaryň 1200-sini saklamaga niýetlenen maldarçylyk fermasy gurulýar.Ony “Ýüpek ýoly gurluşyk” hojalyk jemgyýeti gurýar, oňa şu maksatlar üçin döwlet tarapyndan uzak möhletleýin peýdalanmaga 600 gektar ýer bölünip berildi.

Häzirki wagtda sygyrlaryň 384-sini saklamaga niýetlenen binanyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Şeýle hem önümçilige gözegçilik üçin bina guruldy. 100 tonna süýt we 300 tonna et öndürmäge niýetlenen maldarçylyk toplumy ýörüteleşdirilen döwrebap enjam bilen üpjün ediler. 17 ga ýerde gara mallar we göleler üçin ýataklaryň birnäçesi, sygyr sagylýan bölüm, kömekçi binalar, şol sanda silos çukurlary, suw saklanýan ýerler, tehniki desgalar bölegi bolar.

Hojalygyň öz ot-iýmlik binýady bolar.Amatly ykdysady şertler netijesinde hususy düzümler - TSTB-niň agzalary tarapyndan şu kysmy dürli kuwwatlykly gaýtadan işleýän önümçilikler Daşoguz welaýatynyň beýleki etraplarynda-da döredilýär.

Mysal üçin, Ruhubelent etrabynda telekeçi B.Myradow 100 tonna süýt we 80 tonna et öndürmäge niýetlenen toplum gurýar.S.Türkmenbaşy etrabynyň “Ýalkym” daýhan birleşiginde “Dogan arzuwy” hususy kärhanasy 200 baş gara mala niýetlenen fermer hojalygyny gurýar.

Telekeçi H.Sadullaýew S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň “Nowaýy” daýhan birleşiginde şeýle taslamany durmuşa geçirýär. Şu toplumlaryň işe girizilmegi demirgazyk sebitde maldarçylyk pudagyny ösdürmek we ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça uly möçberli işde möhüm ädim bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda welaýatlar boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk özgertmeleri
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Täze çäkler: Türkmenistanda haýsy etraplar ýatyrylýar, haýsy ilatly sebitleriň atlary üýtgedilýär?
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY