Daşoguz welaýatynyň türkmen-özbek serhetýaka zolagynda söwda merkezi gurlar

Daşoguz welaýatynyň türkmen-özbek serhetýaka zolagynda söwda merkezi gurlar

Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Daşoguz welaýatynyň Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda Söwda merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada öz garamagyndaky Alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň merkezi dolandyryş edarasynyň abatlaýyş-gurluşyk bölümi bilen şertnamany, daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk we suw üpjünçiliginiň inženerçilik ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we Söwda merkezini 2025-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Daşoguzda Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda söwda merkezi gurlar
Türkmen-özbek serhetýaka zolagyndaky söwda merkeziniň gurluşygy iýul aýynda başlar
Türkmenistan "Ekspo-2023 Doha" halkara sergisine gatnaşar, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawlary artdyryldy, Koreýanyň gurluşyk kompaniýasy Türkmenistanda şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär we beýleki habarlar
Türkmenistanyň we Özbegistanyň DIM-leriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Türkmen-özbek serehedindäki barlaglar geçişi uzaga çekýär
Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 10 aýda 614 million dollara ýetdi