Türkmenistan "Ekspo-2023 Doha" halkara sergisine gatnaşar, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawlary artdyryldy, Koreýanyň gurluşyk kompaniýasy Türkmenistanda şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär we beýleki habarlar

Türkmenistan "Ekspo-2023 Doha" halkara sergisine gatnaşar, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawlary artdyryldy, Koreýanyň gurluşyk kompaniýasy Türkmenistanda şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Türkmenistanyň “EKSPO-2023 Doha” halkara sergisine gatnaşmagy bilen bagly meseleler türkmen wekiliýetiniň Katara amala aşyran iş saparynyň çäklerinde maslahatlaşyldy. 17 — 21-nji iýul aralygynda bolan saparyň çäklerinde türkmen tarapynyň wekilleri “EKSPO-2023 Doha” halkara sergisiniň baş sekretary Mohammed Ali Al Huri bilen duşuşdylar. Geçirilen gepleşiklerden soň, Türkmenistanyň halkara sergä gatnaşmagy bilen bagly Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy.

2. Raýatlaryň Awaza milli syýahatçylyk dynç alyş zolagyna dynç almaga gitmekleri üçin Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça Boeing 737-700 ýolagçy uçarynda goşmaça uçuşlar girizildi. Häzirki wagtda günüň dowamynda 4 sapar uçuşlar amala aşyrylyp, raýatlaryň oňat şertlerde gidip gelmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýeri gelende bellesek, Aşgabadyň Halkara howa menzili sagatda ýolagçylaryň 1600-sine hyzmat etmäge ukyplydyr.3.

3.Günorta Koreýanyň Daewoo E&C gurluşyk kompaniýasy şu ýylyň sentýabr, oktýabr aýlarynyň dowamynda Türkmenistanda şahamça açmagy meýilleşdirýär.Kompaniýanyň ýerine ýetiriji müdiri Baek Çung-wanyň aýtmagyna görä, täze şahamçanyň açylmagy kompaniýanyň türkmen hökümeti bilen has ýakyn gatnaşykda bolmagyna we taslamalar boýunça tiz hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik döreder.

Günorta Koreýa Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde fosfat dökünlerini öndürýän zawody we Balkan welaýatynda karbamid we ammiak dökünlerini öndürýän zawody gurmagy maksat edinýär.

4.Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Daşoguz welaýatynyň Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda Söwda merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerler ini abadanlaşdyryp gurmak barada öz garamagyndaky Alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň merkezi dolandyryş edarasynyň abatlaýyş-gurluşyk bölümi bilen şertnamany, daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk we suw üpjünçiliginiň inženerçilik ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we Söwda merkezini 2025-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

5.Braziliýa Federatiw Respublikasynyň täze wezipä bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rubem Antonio Korrea Barboza türkmen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary bilen duşuşdy.

Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi.Ilçi öz hünär ýolunyň örän täsirli wakalarydyr ýatdan çykmajak pursatlary barada anyk mysallary getirmek bilen, hem diplomatik, hem durmuş tejribesi dogrusynda gürrüň berdi.

Dünýä täzelikleri

6.Urumçi şäherinde 6-njy halkara tans festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi.Bu festiwala gatnaşmak üçin Aziýadan, Afrikadan we Ýewropadan müňden gowrak tansçy Hytaýa geldi. 17 günläp dowam edýän halkara çärede Urumçinyň sahnalarynda halk tansy, aýdym-saz we nusgawy balet žanrlarynda sungat ussatlarynyň çykyşlary bolar. Şular bilen birlikde, tomaşaçylaryň dykgatyna Hytaýyň “Gyzyl aýallar topary” atly meşhur baleti, şeýle-de Belarusyň tansçylarynyň ýerine ýetirmeginde Çaýkowskiniň “Ukudaky näzenin” baleti ýetiriler.

Festiwalyň çäginde tans boýunça ussatlyk sapaklary we moda görkezilişi hem meýilleşdirilýär.Festiwal 5-nji awgustda tamamlanar.

7.Kentukki ştatynyň ýaşaýjysy ABŞ-nyň graždan urşy döwrüniň rowaýata öwrülen hazynasyny tapdy.Iýul aýynyň başynda mekgejöwen meýdanyndan XIX asyra degişli bolan 700-den gowrak tylla teňňe tapyldy.

Hünärmenler we gadymy teňňe söwdagärleri seýrek we gymmatlygy sebäpli bu teňňeleri eýýäm Kentukkiniň Beýik hazynasy diýip atlandyrdylar. Ähli teňňeleriň birlik, onluk hem-de ýigrimilik dollar belgileri bar we olar 1861-1863-nji ýyllarda zikgelenipdir.

Hünärmenleriň baha bermegine görä, Kentukkiniň Beýik hazynasynyň umumy bahasynyň million dollardan az däldigini çaklaýarlar.

Sport habarlary

8.AFK-nyň Çempionlar ligasyna taýýarlygyň çäklerinde Ahal futbol topary Türkiýe Respublikasyna okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda bolýar.Okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda Ahal Kartepede halkara ýoldaşlyk duşuşyklarynyň dördüsini geçirer.

Bu duşuşyklarda Saud Arabystanynyň Al-Adalh, Al-Feýsali, Kataryň Umm-Salal we Kuweýtiň Al-Arabi toparlary Türkmenistanyň çempionynyň garşydaşlary bolarlar. 20-nji iýulda başlanan okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 4-nji awgusta çenli dowam eder.

9.Türkmenistanyň Futbol federasiýasy we Indoneziýanyň Futbol assosiasiýasy sentýabr aýyndaky FIFA-nyň günlerinde iki döwletiň milli ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek barada ylalaşdylar. Ýoldaşlyk duşuşygy 8-nji sentýabrda Surabaýa şäherindäki Gelora Bung Tomo stadionynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň we Indoneziýanyň milli ýygyndylary taryhda biri-biri bilen dört gezek duşuşdylar.Indoneziýa Dünýä kubogy ― 2014-iň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşykda 4:3 hasabynda üstün çykan bolsa, ikinji duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Iki ýygyndy ondan ozal Dünýä kubogy ― 2006-nyň saýlama tapgyrynda hem biri-birine garşydaş boldular.Bu duşuşyklarda ýygyndylar biri-birini öz meýdanynda şol bir hasap ― 3:1 hasaby bilen ýeňdiler.

Türkmen ýygyndysynyň sentýabr aýynda Gonkongyň ýygyndysy bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirjekdigini ýatladýarys.

10. 13 ― 21-nji iýul aralygynda Daşkent şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça Aziýanyň 17-nji çempionaty geçirildi.Oňa yklymyň küşt sportunda has öňe ilerlän Hindistan, Hytaý, Mongoliýa, Gazagystan, Özbegistan, Russiýa ýaly döwletleri bilen bilelikde jemi 17 döwletden 330 küştçi gatnaşdy.

Rapid, nusgawy we blis görnüşleri boýunça geçirilen yklym çempionatynda türkmenistanly türgenler medallaryň jemi ýedisine mynasyp boldular.Türkmen türgenleri bu ýaryşda üstünlikli çykyş edip, medallara mynasyp boldular.Olardan iň tapawutly netije hökmünde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda altyn medal gazanmagy başaran aşgabatly Amanmuhammet Hommadowyň üstünligini bellemek bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň iň güýçli küştçüleri ýüze çykaryldy
Türkmenistanly küştçi gyzlar Batumide geçirilen dünýä çempionatynda baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşdylar
Türkmenistan okuwçylaryň arasynda geçirilýän küşt boýunça Aziýanyň çempionatyna goşa medal bilen girişdi
Türkmenistandaky mekdep okuwçylary küşt boýunça Aziýanyň çempionatynyň jemleýji gününde üç medal gazandylar
20 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
16-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal