Türkmenistandaky mekdep okuwçylary küşt boýunça Aziýanyň çempionatynyň jemleýji gününde üç medal gazandylar

Türkmenistandaky mekdep okuwçylary küşt boýunça Aziýanyň çempionatynyň jemleýji gününde üç medal gazandylar

13 ― 21-nji iýul aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça Aziýanyň çempionaty geçirildi. Oňa yklymyň küşt sportunda has öňe ilerlän Hindistan, Hytaý, Mongoliýa, Gazagystan, Özbegistan, Russiýa ýaly döwletleri bilen bilelikde jemi 17 döwletden 330 küştçi gatnaşdy.

Rapid, nusgawy we blis görnüşleri boýunça geçirilen yklym çempionatynda türkmenistanly türgenler medallaryň jemi ýedisine mynasyp boldular.

Esasy bellenilmeli ýagdaý bolsa ýaryşyň ahyrky gününde türkmen türgenleriniň üçüsiniň medallara mynasyp bolanlygydyr.Blis ― küştüň has çalt oýnalýan görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlaryň çäklerinde 17 aýaş çenli derejede aşgabatly Amanmuhammet Hommadow mümkin bolan 7 utukdan 6,5 utuk toplap, türkmen ýygyndysynyň ýeke-täk altyn medalyny gazandy. Şeýle hem bu görnüşde türkmenabatly mekdep okuwçylary Gülmira Seýilhanowa bilen Mähri Agamyradowa degişlilikde 15 we 13 ýaş derejesinde kümüş medallara mynasyp boldular.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly küştçi gyzlar Batumide geçirilen dünýä çempionatynda baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşdylar
20 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
Türkmenistan "Ekspo-2023 Doha" halkara sergisine gatnaşar, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawlary artdyryldy, Koreýanyň gurluşyk kompaniýasy Türkmenistanda şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär we beýleki habarlar
Türkmenistan okuwçylaryň arasynda geçirilýän küşt boýunça Aziýanyň çempionatyna goşa medal bilen girişdi
Türkmenistanyň iň güýçli küştçüleri ýüze çykaryldy
Türkmenistanly okuwçylar küşt boýunça Aziýanyň çempionatynda ýene iki medal gazandylar