Daşoguzda emeldarlar daşary ýurtlarda okaýan studentleriň gazaba çykan ene-atalary bilen duşuşdylar

16-njy ýanwarda Daşoguza Türkmenistanyň Ministrler kabinetinden uly derejeli emeldar geldi. Bir maglumata görä ol Ministrler kabinetiniň başlygynyň ýurduň demirgazyk sebitine gözegçilik edýän orunbasary Esenmyrat Öwezgeldiýew, başga maglumata görä bolsa onuň orunbasarlarynyň biri.

Şol günüň ertesi irden Daşoguzda we etrap merkezlerinde daşary ýurtlaryň ÝOJ-larynda çagalary okaýan ene-atalary topladylar.

Regionyň paýtagtyndaky ýygnak şäher häkimliginiň mejlisler zalynda, etraplardaky duşuşyklar medeniýet öýlerinde geçirildi.

Daşoguzda häkimligiň emeldarlary, MHM-niň, IIM-niň, Ýaşlar birleşiginiň we dindarlaryň wekilleri çykyp gürlediler. Olar ene-atalary öz çagalaryna gowurak gözegçilik etmäge çagyrdylar. Olar ýaşlary dini merkezlere, türkmen studentleri tarapyndan amala aşyrylýan jenaýatlara çekmek howpunyň bardygyny duýdurdylar, şeýle-de studentleriň köpüsiniň meýhanalara we jelephanalara barýandygyny aýtdylar.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylaryna bu ýygnaklara gatnaşan ene-atalaryň käbiri bilen gürleşmek miýesser etdi, olar guramaçylary bu ýygnaklara oňaýsyz sorag berjek ýa-da gykylyk turuzmagy ahmal adamlary, “ynanyp bolmajak” ene-atalary çagyrmandyklaryny gürrüň berdiler.

Emma muňa garamazdan, zaldan sorag berenler örän köp boldy. Ýygnananlaryň köpüsi studentlere pul geçirmekdäki kynçylyklardan we çäklendirmelerden alada bildirdiler.

Zaldan galagop, gaharly sesler eşidildi:

Olaryň iýere zady ýokka, siz haýsy meýhana barada gürrüň edýärsiňiz!?

Student wizasy işlemäge hukuk bermeýär, biz bolsa olara pul geçirip bilmeýäris. Näme etmeli?

Biz studentleriň käbiriniň ogurlyk edýändigini, talaýandygyny ýa-da neşe kurýeri bolýandygyny eşitdik, eger pullary bolmasa, munuň boljagyny çaklamak kyn däldi!

Häkimligiň emeldarlary ýygnaga gatnaşyjylary köşeşdirmäge çalşyp, ýygnaga bankyň wekiliniň hem gatnaşmaly edilendigini, sebäbi onuň bu meselelerden gowy baş çykarýandygyny, emma onuň gelip bilmändigini, ene-atalaryň öz soraglaryna 10 gün içinde jogap aljakdyklaryny aýtdylar. Şondan soň haýdan-haýdan ýygnagy ýapmak bilen boldular.

Belki-de, bu ýygnaklara ýokary derejeli emeldarlaryň gelmegi häkimiýetleriň daşary ýurtlarda çagalary okaýan ene-atalar tarapyndan häkimiýet guramalaryna hem-de hukuk goraýjy organlara kollektiwleýin ýazylan şikaýat arzalaryna bildiren reaksiýadydyr.

Ýatladýarys, 7-nji ýanwarda Daşogzuň şäher häkimligine 10 adamdan ybarat topar daşary ýurtlarda çagalary okaýan ene-atalar geldi.

Adamlar Daşoguzda Western Union arkaly daşary ýurtlara geçirip bolýan serişdäniň möçberiniň beýleki regionlardakydan näme üçin azdygyny anyklamak islediler.

Häkimiň orunbasary bu çäklendirmäniň “regionyň ýurduň ykdysadyýetine iň az goşant goşmagy bilen baglydygyny” aýdyp jogap berdi we olaryň öz problemalaryny özleriniň çözmegini maslahat berdi. Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylarynyň daşary ýurtlarda okaýan student çagalaryna ibermegine rugsat edilýän puluň möçberi ýurtda iň azy bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Ussat sazanda, halypa mugallymyň ýagty ýadygärligine geçirilen konsert
Prezident saýlawlarynyň jemleri
Prezident saýlawlarynyň jemleri
PREZIDENT SAÝLAWLARYNYŇ JEMLERI
Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň Täze Prezidenti Boldy
Türkmenistanda geçen prezidentlik saýlawlarynda Serdar Berdimuhamedow 72,97 göterim ses aldy
MST: Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanylan prezidenti diýlip ykrar edildi