Daşoguzda Russiýadaky türkmen migrantlarynyň garyndaşlary soraga çekilýär

Daşoguzda Russiýadaky türkmen migrantlarynyň garyndaşlary soraga çekilýär

Daşoguz welaýatynyň birnäçe etrabynda daşary ýurtda zähmet çekýän garyndaşlary bolan ýaşaýjylar söhbetdeşlik üçin Migrasiýa gullugyna çagyrylýar. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri Russiýadaky türkmen raýatlary barada olaryň ýakynlaryndan jikme-jik maglumat talap edýärler.

Azatlygyň habarçylary birnäçe etrabyň, şol sanda Akdepe, Görogly, Şabat, Boldumsaz etraplaryň ýaşaýjylaryny migrasiýa gulluklaryna çagyrylýandygyny habar berdiler. Olaryň sözlerine görä, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri ýaşaýjylar bilen gürrüňdeşlikde Russiýadaky garyndaşlarynyň näme edýändiklerini, haýsy sebitdedigini anyklaýarlar we telefon belgilerini bermegi talap edýärler.

"Migrantlaryň ene-atalary we ýakyn garyndaşlary her gün diýen ýaly çagyrylýar. Olary Migrasiýa gullugynyň mejlisler zalyna ýygnaýarlar. Milli howpsuzlyk ministrliginiň şeýle hem migrasiýa gullugynyň işgärleri olardan soňky gezek haçan gürleşendiklerini soraýarlar" - diýip habarçymyz aýtdy.

Habarçylaryň anyklan maglumatlaryna görä, esasanam Russiýa gidenden bäri wizasynyň möhleti gutaran raýatlaryň garyndaşlary söhbetdeşlik üçin çagyrylýar. Şeýle adamlaryň sanynyň birnäçe müňdigi aýdylýar.

"Diňe Akdepe etrabynda, Russiýa giden we wizasynyň möhletiniň wagty geçen 4000-den gowrak adam bar. Olar esasan erkek adamlar. Olaryň ençemesi barada ne häkimiýetlerde, ne-de garyndaşlarynda maglumat bar" - diýip, habarçy aýtdy.

Habarçylar bilen anonim gürlän çeşmeler, gepleşikleriň dowamynda migrantlaryň rus dilini bilýändiklerine, dini ynanjyna we rus syýasatyna garaýyşlaryna aýratyn üns berilýändigini aýtdylar.

"Rus dilinde gürläp-gürlemeýändikleri, dini ynanjy, orsýetiň syýasatyny we döwletini öwýändigi, harby gullukda bolan wagtynda ýaragdan oňat baş çykarýandygy üçin hormat hatlaryny alyp-almandygy ýaly soraglar berilýär. Hemme zady, hatda iň soňky suratlary hem talap edýärler" diýip, habarçy ýerli ýaşaýjylara salgylanýar.

Şeýle-de ilat bilen geçirilen duşuşyklarda ýaşaýjylardan Russiýa Federasiýasynyň çäginde Türkmenistanyň raýatlaryny hakyna tutmak we Ukrainadaky söweşe ibermek ýaly ýagdaýlar barada häkimiýetlere habar bermek talap edilýär.

"Eger ogluňyza Orsýetde Ukraina söweşe goýbermek haýbaty atylýan bolsa, bize habar ediň, biz ony Türkmenistana alarys, azar bermeris, il hatary zähmet çeker ýaly mümkinçilik döretjek bolarys diýip, kepilsiz wada berdiler" - diýip, habarçy aýtdy.

Habarçylaryň sözlerine görä, Daşoguz sebitinde ýygnaklar 29-njy aprelden 2-nji maý aralygynda geçirilipdir.

Bu ýagdaý Orsýetde Merkezi Aziýanyň raýatlarynyň hakyna tutulyp, urşa ugradylýandygy baradaky habarlaryň arasynda ýüze çykdy. Soňky aýlarda Russiýada işleýän we okaýan Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň raýatlarynyň Ukrainada uruşda tapylandygy ýa-da ölendigi barada onlarça ýagdaý barada habar berildi.

Bu aralykda, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri türkmen kanun goraýjy edaralarynyň Ukrainada söweşýän türkmen raýatlaryny yzarlamaga synanyşýandygyny habar berdi.Azyndan 12 türkmen raýatynyň atlaryny öz içine alýan sanawyň düzülendigi, söweşlere gatnaşýanlaryň bikanun ýaragly toparlara, terrorçylyga baş goşmak we dönüklik sebäpli sud edilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny, olara uzak möhletli azatlykdan mahrum edilmek howpunyň abanýandygyny neşir ýazýar.

Maglumatda Azatlyk Radiosynyň Ukrainada söweşýän bir türkmen hakda peýda bolan wideo agzalýar.

Aprel aýynyň ortalarynda Azatlyk Türkmenistanyň raýatynyň ukrain ýaragly güýçleriniň hatarynda söweşýändigi barada habar berdi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasy baradaky resmi pozisiýasy nämälim galýar. Türkmen häkimiýetleri Russiýanyň Ukrainada başlan esassyz söweşi barada garaýyşyny mälim etmeýär. Bir ýyldan gowrak döwrüň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda gatnaşyklaryň öňküsinden ýygjamlaşandygy göze ilýär, özara saparlar we söwdanyň mukdary ýokarlandy.

Aprel aýynda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Moskwanyň türkmen raýatlary üçin wizany ýatyrmaga taýýardygyny mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Telekeçiler 'ýaşuly' biznesinden zeýrenýär; mätäçlik adamlary 'agyr synaga' salýar
Orsýetdäki türkmen raýatlaryna migrasiýanyň töwekgelçiligi barada sosial media arkaly duýduryş edilýär
Berdimuhamedowa ýüzlenen türk raýatynyň aýaly Türkmenistandan çykaryldy
Türk raýatlaryna durmuşa çykan türkmen zenanlaryna Türkmenistandan çykmaga rugsat berlip başlandy - çeşmeler
Türkmen migranty: Çagalykda hirurg bolmagy arzuw edýärdim, ýöne kurýer boldum
Türk raýatlary türkmen aýallarynyň Türkmenistandan çykarylmagyny soraýar
Derňewler Moskwada türkmen pasportlarynyň galplaşdyrylmagyna ünsi çekýär