
Türkmenistanyň raýatlarynyň Belarusyň üsti bilen Polşanyň, ýa-da Türkiýäniň üsti bilen Bolgariýanyň serhetlerini bikanun kesip geçip, has amatly durmuşyň gözleginde Günbatar Ýewropa ýurtlaryna aşmaga çalyşmagy bilen bagly wakalar köpelýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy türkmen migrantlarynyň Ýewropa ýurtlaryna bikanun daşalmagyny guramalaşdyrýan bir toparyň agzasy bilen gürrüňdeş bolmagy başardy.
Bu söhbetdeşligiň üsti bilen ýüze çykarylan täze maglumatlar Ýewropa ýurtlarynda käbir türkmen raýatlarynyň gatnaşmagynda migrant gaçakçylygy bilen meşgullanýan guramaçylykly toparlaryň hereket edýändigine yşarat edýär.
“Bir bosguny Belarusyň üsti bilen Polşanyň döwlet serhedinden geçirmegiň, ondan aňry Awstriýa çenli daşamagyň bahasy 3000 dollar” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi aýdýar.
“Men geçen ýylyň ahyrlaryndan bäri azyndan 25 türkmenistanlyny Ýewropa ýurtlaryna geçirdim. Migrantlary Belarusyň çäginden Polşa döwletine geçirmek gaty aňsat. Belarusyň Migrasiýa gullugy Ýewropa ýurtlaryna barýan bosgunlary saklaman, gaýtam, aňsatlyk bilen Polşanyň serhedine geçirip goýberýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
2022-nji ýyldan bäri Polşanyň çäginde ýaşaýan türkmenistanly migrant öz şahsy awtoulagynda migrantlary Ýewropa Bileleşigine agza döwletlere, hususan-da Günbatar Ýewropa ýurtlaryna daşamak bilen meşgullanýar.
Ol özüniň esasan Belarusyň üsti bilen Polşanyň döwlet serhediniň kesilip geçilmegine ýardam bermek boýunça tölegli hyzmat hödürleýändigini aýdýar. Onuň özi hem Polşada bikanun ýaşaýar.
Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina giň gerimli çozuşa girişmeginiň yz ýany, Ukrainada ýaşaýan türkmenistanlylaryň arasynda, uruşdan gaçyp, Ýewropa ýurtlaryna bosup baran raýatlar boldy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy täze maglumatlara salgylanyp, häzirki wagtda Polşa, Germaniýa we Rumyniýa ýaly ýurtlarda soňky üç ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bikanun ýaşaýan türkmenistanlylaryň sanynyň artandygyny habar berýär.
'Türkmenler Ýewropada bikanun galmagy dowam etdirýärler'“Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda resminamasyz ýaşamaklyk kyn bolsa-da, watan dolanmak islemeýän türkmenistanlylar, bu ýurtlarda galmagy dowam etdirýärler” diýip, Ýewropada ýaşaýan türkmenistanly migrantlardan habarly beýleki bir söhbetdeşimiz aýdýar.
Ukraina urşunyň başlamagynyň yz ýany, hususan-da Polşada ýaşaýan türkmenistanlylar barada habarlar ýygjamlaşyp başlady
Bu ýurtda türkmenistanly raýatlardan ybarat käbir guramaçylykly toparlarlaryň bikanun migrant gaçakçylygy bilen meşgullanmagy bilen bagly maglumatlar resmi habarlarda peýda bolup başlady.
Polşanyň Serhet gullugy 2024-nji ýylyň mart aýyna çenli Polşada migrant gaçakçylygy bilen meşgullanýan 15 türkmenistanly raýatyň tussag edilendigini habar berdi. Olar Belarusyň üsti bilen Polşanyň döwlet serhetiniň kesilip geçmegine ýardam berýän halkara guramaçylykly jenaýat toparyna agzalykda aýyplanypdyrlar.
“Bu topar eksklýuziw görnüşde diňe türkmen raýatlaryndan ybarat bolup, olar bikanun migrantlary daşamakda ýolbaşçy ýa-da sürüji hökümde hereket edýärler” diýip, şonda Polşanyň Serhet gullugy beýanat beripdi.
Şonda serhet resmileri bu toparlaryň “Belarus ugry boýunça” hereket edýändigini aýdypdy.
Serhet gullugynyň beýanatyna görä, bikanun daşalýan migrantlar öz ýurtlaryndan Russiýa ýa-da Belarusa baryp, ol ýerden Polşa-Belarus serhedine daşalýarlar. Ol ýerden olar pyýadalap, barlag geçiriş nokatlaryndan sowlup, Polşa döwletiniň araçägini bikanun kesip geçýärler. Polşa serhedinde eýýäm guramaçylar garaşyp durýan ekeni. Olar bikanun migrantlary kabul edip, awtoulagda Germaniýa we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna daşaýan ekeni.
Ýatlasak, 2024-nji ýylyň iýul aýynda Polşa döwletiniň Türkmenistandan öz çäginde türkmen konsullygyny ýa-da wekilhanasyny açmagy haýyş etmegi şeýle habarlaryň yz ýanyna gabat gelipdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly bikanun migrant özüniň baş maksadynyň Polşada migrantlary bikanun daşamak bilen meşgullanmak arkaly pul toplap, kiçiräk bir döwletiň raýatlygyny satyn almakdan ybarat bolandygyny aýdýar.
“Şeýlelikde, Türkmenistanyň pasportynda hem azat bolup bilerin” diýip, ol aýdýar.
'Bosgun lagerlerinde ýüzlerçe türkmenistanly bar'Söhbetdeşimiz soňky wagtlarda, hususan-da soňky iki ýylyň dowamynda, Polşadan syýasy gaçybatalga sorap, polýak häkimiýetlerine ýüz tutýan türkmenistanlylaryň sanynyň artýandygyny, Bialystok we Bialopodlýaska ýaly şäherlerde ýerleşýän bosgun lagerlerinde häzirki wagtda ýüzlerçe türkmenistanlynyň bardygyny aýdýar.
“Bizi tussag etseler, köplenç daşary ýurtlara deport edip çäklenýärler. Türkmenistana ugradaýsalar, para berip, meseläni çözüp bolýar” diýip, bikanun migrant aýdýar.
Türkmenistanyň raýatlary daşary ýurt döwletlerinde, soňky wagtlarda hususan-da iri döwletlerde bikanun ýaşaýan adamlaryň sany boýunça öňe saýlanyp başlady.
Ýatlasak, iýun aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň raýatlarynyň Birleşen Ştatlara girmegini bölekleýin gadagan etdi. Şonda bu karar ABŞ wizasyny alan türkmenistanly raýatlaryň aglabasynyň wiza möhletiniň dolandygyna garamazdan bu ýurtda bikanun ýaşamagy dowam etdirmegi bilen esaslandyryldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şonda ABŞ-nyň bu kararyny “gyssagly ädim” atlandyryp, alada beýan etdi.
Munuň yz ýany, Türkmenistanyň Birleşen Ştatlardaky ilçihanasy iýulyň ortalarynda bu ýurtda ýaşaýan türkmenistanlylary bolýan ýurtlarynyň wiza we immigrasiýa düzgünlerini berk berjaý etmäge çagyrdy.
Polşada bikanun migrant gaçakçylygy bilen meşgullanýan türkmenistanly özüniň şeýle işler bilen meşgullanýan başga-da azyndan ýedi türkmenistanlyny tanaýandygyny aýdýar.
“Olar esasan Türkiýäniň üsti bilen Bolgariýa bikanun migrant daşaýarlar. Bolgariýa we Rumyniýa ýaly ýurtlardan migrant geçirmek kyn däl” diýip, ol aýdýar.
Migrant gaçakçylygy bilen meşgullanýan polşaly türkmen Bolgariýanyň üsti bilen migrant daşaýan ýedi ildeşini hem özüniň ýakyndan tanaýandygyny, olar bilen bilelikde iş alyp barýandygyny aýdýar.
Olar Telegram we Facebook ýaly sosial torlarda mahabat ýaýradyp, müşderi çekýän ekeni.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça türkmen häkimiýetlerinden resmi teswir alyp bilmeýär.
Türkmenistanyň hökümeti öz raýatlarynyň halkara syýahatyny çäklendirmekde tanalýar.
“Men öz ýanym bilen başga-da iki türkmenistanlynyň bu biznese girmegine sebäp boldum. Häzirki wagtda ýedi adamdan ybarat agzybir komandamyz bar” diýip, Ýewropada bikanun migrant gaçakçylygy bilen meşgullanýan türkmenistanly gürrüň berýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.