Daşoguzda Wiwaldiniň sazlarynyň konserti geçirildi

Daşoguzda Wiwaldiniň sazlarynyň konserti geçirildi

Daşoguz welaýat çagalar sungat mekdebiniň zalynda Magtymguly Garlyýew adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde meşhur britan kompozitory Maks Rihteriň interpretasiýasy esasynda Antonio Wiwaldiniň ölmez-ýitmez Ýylyň pasyllary eseri ýerine ýetirildi.

Konsert mekdebiň mugallymy Öwez Baýlyýewiň ýolbaşçylygyndaky Owaz kamera orkestri tarapyndan ýerine ýetirildi.

Skripkada Nury Halmämmedow adyndaky Halkara sungat festiwalynyň laureaty, mekdebiň mugallymy Hezretylla Reýimbaýew çykyş etdi.

Ýene degişli makalalar

Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy
19.11.2019 | Türkmen paýtagtynda III halkara festiwaly badalga aldy
Bahram Dolyýew: Ýozef Ioahimiň skripka sungaty ýörelgesini dowam edip
Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr aýdym-saz muşdaklaryna naýbaşy eserleri peşgeş etdi
Nikolaý Amiýansyň okuwçylary Ussadyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlap konsert berdiler
Türkmenistanda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumy öz işini tamamlady