Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestriň ilkinji konserti şowly geçdi

Skripkaçylar, altçylar, wiolençelçiler we beýleki sazandalar ilkinji konsertiň ahyrynda Tahyr Ataýewi meşhur Happy birthday to You! estrada sazyny çalyp, kirişli saz gurallary orkestriniň döremegi bilen gutladylar. Şadyýan tomaşaçylar şowhunly el çarpmalar bilen olaryň gutlagyna goşuldylar...

Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda konserwatoriýanyň kirişli saz gurallary mugallymy Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestriniň ilkinji konserti boldy. Konserwatoriýanyň ýaş mugallymlary, ony ýakynda tamamlanlar we talyplar dürli eýýamlaryň hem-de dürli žanrdaky sazlary öz döredijiliginde birleşdirmek barada arzuwlaryny durmuşa geçirmek bir topara jemlendiler.

Konserti alyp baryjy: “Antonin Dworžak. “Serenada” diýip yglan edende sazandalar dirižýoryň elleriniň hereketine gözüni aýyrman bakyp otyrdylar... Dirižýor taýajygyny galgadandan konserwatoriýanyň Uly zalynda dürli röwüşli çeh owazlary ýaňlanyp ugrady.

Tomaşaçylar orkestriň çykyşyny şowhunly el çarpmalar we “Berekella!”, “Ajaýyp!” diýen sözler bilen mübäreklediler. Bu üstünligiň ilkinji we şeýle gymmatly subutnamasydy! Şeýdip, ýaş saz toparynyň terjimehaly Antonin Dworžagyň eserinden başlandy.

Konsertde Ýan Sibeliusyň Andante Festivo sazy, Girgoriý Kleýmeniň aranžirlemeginde Rus romansy, Sergeý Sirotiniň “Rus sowgady”, Isaak Şwarsyň “Gijeki Peterburga gezelenç”, Astor Pýassollanyň Tres minor con la realidad sazlary, Lýudwig Wan Bethoweniň №9 Kwarteti ýaňlandy.

Sazandalaryň täzeçil gutlagynyň we tomaşaçylaryň onuň bilen utgaşan şowhunly el çarpmalarynyň arasyny bölen Tahyr Ataýew diňleýjilere sazandalaryň ussatlygyna beren ýokary bahasy üçin minnetdarlyk bildirdi we dirižýor hökmünde kemala gelmeginde özi üçin bu günüň aýratyn gymmatlydygyny belledi. Tomaşaçylar oňa joşgunly el çarpmalar bilen jogap berdiler.

Kärdeşleri, dogan-gardaşlary we dost-ýarlary Tahyr Ataýewi üstünlikli ilkinji çykyşy bilen gutlamaga gelipdirler. Dirižýoryň elini ilkinji bolup gysanlaryň birem Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýolbaşçysy Resul Gylyjow boldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda täze döredilen saz toparynyň ilkinji konserti gyzgyn garşylanyldy
Kamerata Aşgabat toparynyň konserti geçirildi
Kamerata Aşgabat toparynyň konserti geçirildi
Tanymal pianinoçy Amangül Gylyçmyradowa Aşgabatda çykyş etdi
Dört ýyldan soň, ilkinji çempionlyk
Meksikada täze rekord