Kamerata Aşgabat toparynyň konserti geçirildi

Paýtagtymyzdaky Watan kinokonsert merkezinde Kamerata Aşgabat toparynyň Gyşyň ýyly aýdym-sazlary atly konserti geçirildi. Toparyň sazandalary tomaşaçylara senenama laýyklykda, gyşyň gelendigini ýatlatdy we köp sanly muşdaklaryny öňümizdäki sowuk howada goldamak üçin Watan kinokonsert merkezinde konsert berdi.

Konsertde gyş möwsümi baradaky owazasy äleme dolan belli aýdym-saz eserleri, şeýle hem söýgi hakyndaky eserler ýaňlandy.

Konsert meýilnamasyna laýyklykda duet birinji skripka Bahram Dolyýew we pianinoçy Abadan Meredowa tarapyndan ýerine ýetirilen Kristof Glýukuň Orfeý operasyndan Mukam bilen açyldy. Bu ajaýyp sazyň soňky owazlary ýatan badyna, sazandalara wiolençelçi Kakageldi Hojalekow-da goşuldy, üçlük bolsa Antonio Wiwaldiniň Möwsümler toplumyndan Astor Pýassollanyň döwrebaplaşdyran böleklerini ýerine ýetirdi.

Tahyr Ataýewiň gatnaşmagy bilen üçlük kwarteta öwrülip, tomaşaçylar üçin Edward Grigiň 1-nji belgili kirişli kwartetini ýerine ýetirdi.

Kamerata Aşgabat toparynyň doly düzümi bilen konsertiň solistleri Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Ökdirowa, Döwran Şammyýew, Begenç Moşşyýew we Guwanç Şammyýew dagy çykyş etdi. Anna Karenina sazly eserinden Annanyň Boran ariozosy, Riçard Galýanonyň Klod üçin tangosy, Rimskiý-Korsakowyň Ary uçuşy, Igor Krutoýyň Düýş ýaly söýgüsi we beýleki aýdym-saz eserleri ýerine ýetirildi.

Konsert Begenç Moşşyýewiň 1971-nji ýylda Eduard Hanok tarapyndan ýazylan Gyş aýdymyny ýerine ýetirmegi bilen tamamlandy. Begenç Moşşyýew retro aýdymyndan tomaşaçylar üçin datly çykyş ýasamak ukybyny ýene bir gezek görkezdi. Potolok buzdan, gapy jygyldyly… sözleri bolan özüne çekiji gaýtalamagy zalda oturan tomaşaçylar aýdymçy bilen birlikde aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Kamerata Aşgabat toparynyň konserti geçirildi
Kamerata Aşgabat döredijilik toparynyň konserti geçiriler
9-njy dekabrda Kamerata Aşgabat döredijilik toparynyň konserti geçiriler
"Kamerata Aşgabat" toparynyň ilkinji konserti geçirildi
Kanadada iň tiz surata alýan kamera döretdiler
Aşgabatda Leonid Filatowyň ýatlama agşamy geçirildi