Türkmenistan energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Wideomaslahat aragatnaşygy arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) baş direktory Françesko La Kamera bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda özara gatnaşyklaryň netijelidigi bellenildi. Türkmen tarapy Agentligiň howandarlygynda geçirilýän halkara, sebit derejelerindäki çärelere, şol sanda IRENA-nyň Assambleýasynyň mejlislerine yzygiderli gatnaşýar.

Taraplar energiýanyň gaýtadan dikeldilýän we alternatiw çeşmeleri ulgamynda özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada pikir aýtdylar. Mälim bolşy ýaly,Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa tassyklanyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanyň IRENA-nyň ýanyndaky Hemişelik wekiliniň akkreditasiýasy
Türkmenistanyň prezidentiniň Kuweýte we BAE sapary taýýarlanylýar
Berdimuhamedow maliýe ministriniň orunbasaryny täzeledi
Binagärleriň ilkinji bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi