Daşoguzda ykdysadyýetçileriň futzal ýaryşy geçirildi

Daşoguzda ykdysadyýetçileriň futzal ýaryşy geçirildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde guramagynda, sportuň futzal görnüşi boýunça Daşoguz welaýatynyň ykdysady pudagynyň edaralarynyň arasynda Daşoguz welaýatynyň göçme Kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi.

Oňa welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň, welaýat salgyt bölüminiň, welaýat Türkmenstandartlary döwlet gullugynyň, welaýat statistika müdirliginiň, welaýatyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň, welaýatyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň, welaýatyň pensiýa gaznasy müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasynyň ýygyndy toparlary gatnaşdylar. Ýygyndy toparlar özara bije çekişmek arkaly iki topara bölünmek bilen, aýlaw görnüşinde ýaryşdylar. Çalasyn, ezber ykdysady pudagyň ýaş wekilleri Daşoguz şäherindäki Garaşsyzlyk sport desgasynyň ýapyk meýdançasynda bäsleşdiler.

Oýunlar biri-birinden gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Ýarym finalda 3-nji orun üçin Daşoguz welaýat statistika müdirliginiň hem-de Daşoguz welaýatynyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ýygyndy toparlary bäsleşdiler. Munda oýun 11 1 hasabynda welaýatyň statistika müdirliginiň ýygyndy toparynyň hasabyna tamamlandy.

Final oýnunda 1-nji orun (göçme Kubok) üçin geçirilen ýaryş bolsa, oňa gatnaşan tomaşaçylaryň ýürek urşuny tizlendirip, nepeslerini tutdy. Onda Daşoguz welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasynyň ýygyndy toparlary bäsleşdiler. Netije-de, dartgynly pursatlara baý bolan final oýny 3 1 hasap bilen welaýatyň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň ýygyndy toparynyň peýdasyna tamamlandy.

1, 2, 3-nji orunlara mynasyp bolan ýygyndy toparlaryň oýunçylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de bu Geňeşiň Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikdäki Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

6-njy maý Türkmenistanyň esasy habarlary
Pakistanyň ilçisi türkmen woleýbolçylaryny kabul etdi
U19 Türkiýäniň Milli Ýygyndy Zenan Woleýbol Komandasy Finala Çykdy
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny 27-nji iýulda biler
Türkiýäniň Milli Ýygyndy Woleýbol Komandasy Ýewropanyň Çempiony Boldy
Türkmenistanyň we Täjigistanyň futbol ýygyndylary taryhynda 9-njy gezek duşuşarlar