Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny 27-nji iýulda biler

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny 27-nji iýulda biler

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasy 27-nji iýulda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň merkezi edarasynyň ýerleşýän ýeri bolan Kuala-Lumpur şäherinde geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem dünýä çempionaty-2026-nyň saýlama tapgyryna gatnaşýandygyny ýatladýarys. Ýygyndy toparymyzyň garşydaşlary geçiriljek bije çekişlikden soň belli bolar.

Ýeri gelende bellesek, 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň final tapgyrynda ilkinji gezek milli ýygyndylaryň 48-si çykyş eder. Munuň bilen bagly Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy saýlama tapgyrynyň geçiş tertibine birnäçe üýtgeşmeleri girizdi. Muňa laýyklykda, AFK-nyň çägine girýän milli ýygyndylarynyň 45-siniň iň pes reýtingde duranlarynyň 18-si saýlama tapgyryna birinji aýlawdan başlar.

Saýlama tapgyrynyň birinji aýlawynda ýygyndylaryň 18-si 9 jübüti emele getirer.Olaryň hersinde öz meýdanynda hem-de myhmançylykda duşuşyklar geçiriler.Bu duşuşyklar şu ýylyň 12-nji hem-de 17-nji oktýabry aralygynda dowam eder.

Bu duşuşyklarda ýeňiş gazanan ýygyndy toparlara saýlama tapgyrynyň ikinji tapgyrynda reýtingde ýokarda duran ýygyndylaryň 27-si goşular.Ikinji tapgyrda ýygyndylaryň 36-sy 9 toparçany emele getirerler (4 ýygyndy topardan). Ýygyndy toparlaryň hersi toparçalaýyn bäsleşikde duşuşyklaryň altysyny geçirerler.

Bu duşuşyklar 2023-nji ýylyň noýabry bilen 2024-nji ýylyň iýun aýlarynda geçiriler.

Saýlama tapgyrynyň ikinji aýlawynyň jemi boýunça toparçalarda ilkinji iki orny eýelän ýygyndy toparlar dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynyň üçünji tapgyryna çykyp, şol bir wagtda 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

Dünýä çempionaty 2026-nyň saýlama oýunlarynyň üçünji tapgyrynyň bije çekişligi 2024-nji ýylda geçiriler.Onuň netijesinde ikinji aýlawy şowly geçen ýygyndy toparlaryň 18-si toparçalaryň üçüsinde (6 ýygyndy topardan) çykyş ederler.

Onuň netijesinde her toparçada ilkinji iki orny eýelän ýygyndylaryň altysy dünýä çempionatynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.Dünýä birinjiliginde çykyş etjek Aziýanyň wekilleriniň ýene-de ikisi dördünji aýlawyň netijesinde belli bolar.

Mundan başga-da, yklymara geçiriljek duşuşyklaryň netijesinde şowly çykyş eden ýagdaýynda AFK-nyň ýene-de bir wekili dünýä birinjiliginiň final tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik alar.

Ýene degişli makalalar

Ortaça iň köp gol geçirilen çempionat (Dünýä Kubogy 1954)
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Ýunaýtedi ýeňdi
Türkmenistanda 2023-nji ýylyň futbol möwsümi ara alnyp maslahatlaşyldy
Daşary ýurt dili Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary üçin hökmany synag boldy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy ýene 13 çaganyň operasiýasyny goldady we beýleki habarlar
Futzal boýunça Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bijeleriniň haçan çekiljekdigi belli boldy
Türkmenistanyň futbol boýunça U-23 ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişligine birinji torbadan gatnaşar