Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Ýunaýtedi ýeňdi

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Ýunaýtedi ýeňdi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Şarja şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde BAE-niň Ýunaýted topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Duşuşyk türkmen ýygyndysynyň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýunaýted BAE-niň ikinji dwizionyna wekilçilik edýär.

Türkmen ýygyndysynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygy şu gün tamamlanýar. Ýygyndy bu ýerde 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä kubogynyň saýlama tapgyryna taýýarlyk gördi. Saýlama tapgyryň bijeleri şu baharda çekilip, ilkinji duşuşylar güýzde başlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda Ajman toparyndan asgyn geldi
Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy BAE-niň çempiony bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny 27-nji iýulda biler
Hytaýda okamak: Ýönekeý kompaniýasy iň gowy uniwersitetlere we mekdeplere girmäge ýardam edýär
Daşary ýurt dili Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary üçin hökmany synag boldy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy ýene 13 çaganyň operasiýasyny goldady we beýleki habarlar
Futzal boýunça Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bijeleriniň haçan çekiljekdigi belli boldy