Daşoguzdaky çeper halyçylyk kärhanasynda 2021-nji ýylyň meýilnamasy 103,6 göterim berjaý edildi

Daşoguzdaky çeper halyçylyk kärhanasynda 2021-nji ýylyň meýilnamasy 103,6 göterim berjaý edildi

Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Daşoguzdaky çeper halyçylyk kärhanasynyň çeper elli halyçylary tamamlanan ýylda guwandyryjy görkezijileri gazandylar. Bu ýerde haly we haly önümleriniň 2628 inedördül metrden gowragy dokalyp, tabşyryk 103,6 göterim berjaý edildi. Halylaryň aglaba bölegi ýörite buýurmalar esasynda dokaldy. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berilýär.

Häzirki wagtda kärhananyň uly göwrümli halylaryna isleg has-da artýar. Täze gölleri, reňkleriniň utgaşykly öwüşgini hem-de uly göwrümi bilen tapawutlanýan nepis gölli halylar täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryna, durmuş maksatly desgalara, edara binalaryna bezeg berýär. Täze ýyly mynasyp zähmet sowgady bilen garşy alan kärhanada işler barha gyzyşýar.

Ýene degişli makalalar

Täk ýaşly ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi
Türkmenistanda Halkara Nowruz güni bellenilýär
Arzuw haly dükanyna Türkiýeden täze halylar gelip gowuşdy
“Ýaz ýürekli şahyr”
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Maryda ýene iki oba we birnäçe hassahana karantine alyndy. Aşgabatda söwda merkezleri ýapyldy