Daşoguzdaky Serdar pagta egriji fabriginde şu ýyl 1220 tonna nah ýüplük öndürildi

Daşoguzdaky Serdar pagta egriji fabriginde şu ýyl 1220 tonna nah ýüplük öndürildi

Daşoguz şäherindäki Serdar pagta egriji fabriginde şu ýyl dürli möçberdäki nah ýüplügiň 1220 tonnadan gowragy öndürildi. Özüniň ýokary hili hem-de halkara ülňülere laýyklygy bilen dünýäde bäsdeşlige ukyply önümler içerki we daşarky bazarlara ugradyldy ― diýip, Türkmenistan gazeti habar berýär.

Soňky ýyllarda Daşoguz welaýatynda döwrebap pagta egriji kärhanalaryň ikisi gurlup, ulanylmaga berildi. Öňden hereket edýän Serdar fabrigi tehnologik taýdan doly täzelendi, onuň ähli önümçilik ulgamlaryna pagta egriji enjamlaryň kämil nusgalary ornaşdyryldy.

— Kärhanamyzda her bir senenamany zähmet üstünliklerine beslemek boýunça göwnejaý işler alnyp barylýar — diýip, kärhananyň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Akja Gazakowa gürrüň berýär: — 2020-nji ýylda nah ýüplükler bilen bir hatarda dokma materiallaryndan alynýan pamygyň önümçiligi hem ýola goýuldy. Ýylyň başyndan bäri fabrikde pamyk we pamyk önümleriniň 400 tonnadan gowragy öndürilip, 145 göterim ösüş gazanyldy. Ýene-de bir guwançly ýeri, bizde işleýänleriň aglabasy ýaşlar.

Olar bu ýokary tehnologiýalara, saraýjy, egriji, lentalaýjy enjamlara ussatlyk bilen erk edýärler.

— Fabrikde ähli önümçilik ugurlary kompýuterler arkaly dolandyrylýar — diýip, egriji enjamyň operatory Bibijan Gutlyýewa aýdýar: — Diňe şu ýylyň özünde käbir önümçilik ugurlaryna iň kämil enjamlar oturdyldy. Ösen tehnologiýalar bilen işlemegiň tärini ele alan ýaşlarymyz täze enjamlara erk edip, olary doly güýjünde işledýärler. Şu ýerde öňdebaryjy işdeşlerimiziň atlaryny guwanç bilen agzasym gelýär.

Işçi-hünärmenlerimiz Gülşat Hekimowa, Çemen Kuwwatnyýazowa, Gülnur Berdimyradowa, Aşyr Bekmyradow öz iş orunlarynda ýokary netijeleri görkezip, kärhananyň gazanýan üstünliklerine goşant goşýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň arasyndaky bäseşigiň 2021-nji ýyldaky ýeňijileri belli boldy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany