Daşoguzdaky täze lukmançylyk merkezi hyzmatlaryň giň gerimine eýe bolar

Daşoguzdaky täze lukmançylyk merkezi hyzmatlaryň giň gerimine eýe bolar

Daşoguzda täze 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi gurulýar.Ony ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap lukmançylyk edaralaryny gurmakda baý tejribesi bolan Şadyýan gurluşyk hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri bina edýärler.

Bu täze gurluşygyň umumy meýdany dokuz gektara golaýdyr. Şu günki güne çenli bu ýerde ussahanasy we awtogaražy bolan ammar binasynyň demir-beton karkasy eýýäm guraldy.Merkeziň esasy binasynyň on blogundan üçüsiniň düýbi tutuldy, dördünji we bäşinji bloglaryň binýadyny tutmak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Täze 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi Görogly köçesiniň ugrunda, birnäçe ýyl mundan ozal ulanmaga berlen köpugurly hassahananyň we onkologiýa merkeziniň ak mermerli binalar toplumynyň golaýynda ýerleşýär.

Ol hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň giň gerimine eýe bolar.Dürli gatly binalardan ybarat bolan bu toplumda lukmanlara dürli keselleri anyklamaga we bejergini geçirmäge mümkinçilik berýän iň döwrebap lukmançylyk tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan ähli zerur ýöriteleşdirilen bölümler gurlar.

Edaranyň düzüminde ýeterlik mukdarda tehniki maksatly kömekçi desgalar, kir ýuwulýan ýer, naharhana we beýlekiler bolar. Ýanaşyk ýerleriň ählisi abadanlaşdyrylar, yşyklandyrylar we gök zolaklara öwrüler.Döwletimiz tarapyndan lukmançylyk düzümini mundan beýläk-de ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, şu günki günde welaýat ilatymyza bejeriş we anyklaýyş hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürlemäge mümkinçilik berýän saglygy goraýyş edaralarynyň ösen ulgamyna eýedir. Ýerli lukmanlar tarapyndan özleşdirilýän keselleri anyklamagyň we bejermegiň täze, iň döwrebap usullarynyň sanawy ýylsaýyn giňeýär.

Dürli lukmançylyk edaralarynyň dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden iň täze enjamlary bilen üpjün edilmegi muňa uly ýardam berýär, bu bolsa ýokary takyklykly anyklaýyş işlerini hem-de çylşyrymly operasiýalary geçirmäge we operasiýadan soňky gaýra üzülmeleriň sanyny azaltmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, lukmançylyk işgärleriniň öz bilimlerini yzygiderli kämilleşdirmegi we hünär derejesini ýokarlandyrmagy ýene bir möhüm şert bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Lebapda we Daşoguzda Internet üpjünçiligi ýene ýaramazlaşdy, Starlink’ ulanýanlar peýda bolýar
Maryda 'pristroýkalar' ýykylýar, Türkmenabatda dükanlar ýumrulýar
THF: Türk prokuraturasy türkmen aktiwistleriniň ýitirim bolan gününe degişli wideolar bilen üpjün edilmedi
BEDEW WASPLY TOMAŞALAR
Türkmenbaşynyň çagalar baglarynda iýmit “ogurlygy görlüp-eşidilmedik derejelere ýetdi”
Soltan Loft: oýun meýdançasy, tagamly naharlar hem-de ýatdan çykmajak täsirler