Gruziýanyň jahankeşdelikden girdejileri 1,9 milliard dollara ýetdi

Gruziýanyň jahankeşdelikden girdejileri 1,9 milliard dollara ýetdi

Geçen alty aýda Gruziýanyň halkara jahankeşdelik pudagy 1,9 mlrd dollar girdeji gazandy, bu barada ýurduň Milli jahankeşdelik edarasy habar berdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Edaranyň maglumatlaryna laýyklykda, ýanwar-iýun aýlarynda jahankeşdelikden girdeji 2019-njy ýylyň degişli döwründäkiden 30,4 göterim (570 mln dollar) artyk boldy. 2023-nji ýylda tapawut 94 mln dollar boldy.

Esasan hem, Ýewropa Bileleşiginden we Beýik Britaniýadan gelýän jahankeşdeleriň hasabyna girdejileriň köpelendigi bellenýär, ol 246 mln dollar bolup, geçen ýyldakydan 14 göterim köpdür.

Şu ýylyň birinji ýarymynda Gruziýa iki million jahankeşde bardy we bu 2023-nji ýyldakydan 10 göterim artykdyr. Ýurda iň köp jahankeşde Türkiýeden geldi, olaryň sany 623 müňe deň bolup, geçen ýyldakydan 7,1 göterim köp. Russiýa bu ugurda ikinji orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine täzeden saýlandy
“Özüni tanyşdyrmak we abraýy berkitmek”. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri näme barada we näme üçin kitap ýazýarlar
NOWRUZ - TEBIGATYŇ GÖZELLIGI REŇKLERDE
HALK MIRASY - HALKYŇ RUHY HAZYNASY
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Mukaddes Oraza baýramy bilen gutladylar
Ayna denim kompaniýasy TSTB-niň sergisinde özüniň eksport mümkinçiliklerini görkezdi