Bedew bady bilen ynamly öňe barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär.
Halkara Nowruz baýramy diýarymyzyň dürli künjeklerinde uly dabara bilen bellenilýär. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan Nowruz - tebigatyň gözelligi reňklerde atly sergi bahar paslynyň gözelligini sungatyň dili bilen beýan edýär.
Serginiň dowamynda muzeý hünärmenleri Miras hem-de Aşgabat teleýaýlymlarynda özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.Türkmen halkyna eşretli zamany peşgeş eden milli gymmatlyklarymyzy, gadymy däp-dessurlarymyzy dünýä halklaryna ýaýmakda bitirýän ajaýyp hem-de beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary aýdarys, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de mähriban halkymyzy Milli bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
